Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp geçirilýän “Saglyk-2012” atly Halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy.
Iri lukmançylyk forumyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde gurady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Saglyk-2012” atly Halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu çäreleriň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-ylmy durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. “Berkarar döwletimiziň häzirki döwürde ýokary depginler bilen ösmegini, ykdysady taýdan öňdebaryjy, senagat taýdan ösen ýurtlaryň hatarynda has-da okgunly öňe gitmegini we dünýä bileleşigi bilen hemmetaraplaýyn sazlaşykly gatnaşyklary saklamagyny üpjün etmek milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna ýokary tehnologiýalaryň we ylmyň soňky gazananlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy, döredijilik işleriniň höweslendirilmegi hem-de ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagy bilen köp babatda baglydyr” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda aýdylýar.
Milli lukmançylygyň ösüş depgini we hili döwletiň ägirt uly tagallalarynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Şol tagallalar esasy wezipäni – adama hyzmat etmek, onuň jana-jan bähbitlerini we isleglerini üpjün etmek wezipesini çözmäge gönükdirilendir. “Saglyk” döwlet maksatnamasy bolsa keselleriň öňüni almakdan we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdan başlap, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga we giň halkara hyzmatdaşlygyna çenli milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde täze pikirleriň we çemeleşmeleriň özboluşly meýdançasy bolup hyzmat edýär.
Häzir “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ähli sebitlerinde iň häzirki zaman hassahanalary we ylmy-kliniki merkezler guruldy we gurulýar, enjamlaşdyrylyşy we hödürleýän hyzmatlary babatda dünýä derejesine laýyk gelýän dürli saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de şypahanalaryň durky düýpli täzelenilýär, Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden dermanlary öndürmek boýunça kärhanalar açyldy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag edaralary bilen köp ugurly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Diňe soňky ýyllaryň içinde Türkmenistanda “Baýramaly”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap” şypahanalarynyň durky täzelenildi we täze binalary ulanmaga berildi, “Mollagara” balneologiýa şypahanasynyň durkuny täzelemek işleri tamamlandy. Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky giň möçberli taslamany durmuşa geçirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda şol ýerde köp sanly kaşaň myhmanhanalar we ýokary amatlyklary bolan sagaldyş merkezleri guruldy we gurulýar.
Saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmeginde kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny goramak, iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakyndaky kanunlaryň we beýleki möhüm resminamalaryň kabul edilendigini, arassaçylyk-epidemiologiýa gulluklarynyň işine talaplaryň güýçlendirilendigini, ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň, agyz suwunyň hiline döwlet gözegçiliginiň berkidilendigini bellemelidiris. Munuň özi durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.
Türkmenistanda ýokanç keselleriniň birnäçesiniň ýok edilendigi hakyndaky halkara güwänamalary, şeýle hem bu ugurda türkmen lukmanlarynyň tejribesiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitindäki ýurtlarynda ýaýradylmagy üçin teklip edilmegi ýurdumyzyň saglygy goramak baradaky wezipeleri çözmekde gazanýan üstünlikleriniň giňden ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň saglygy goraýşyny we derman senagatyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň bu ulgamda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şu lukmançylyk forumy hem şol maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Onuň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň, okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny üns berip diňlediler. Milletiň Lideriniň Gutlagynda pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatlary we wezipeleri nygtalýar, şeýle hem onuň gazanan üstünlikleri we geljegi uly ugurlary bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn orun degişlidir. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, düýpli ylmy işleriň ençemesiniň awtory, köp ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz saglygy goraýşy ösdürmegiň milli nusgasyny döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu nusga özüne ata-babalarymyzyň pähim-parasadyny we tejribesini, şeýle hem dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman ugurlaryny birleşdirdi.
Hakykatdan hem, häzirki wagtda Türkmenistanda adamlaryň saglygyny goramak işiniň giň gerime we uly ähmiýete eýe bolandygyna, adamyň saglygy baradaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyna hiç kim şübhelenmeýär. Mälim bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-dynç alyş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek meseleleri döwlet Baştutanymyzyň üns mekrezinde durýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyzçysy bolmak bilen, adam hakdaky, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladany Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykardy. Şu ýyl Bütindünýä saglyk gününe gabatlanylyp, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Bu hepdelik bütin ýurdumyzy gurşap alan köpçülikleýin-sport çäreleriniň ençemesini özüne birleşdirip, umumy ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi we müňlerçe adamy sagdyn durmuş ýörelgesiniň daşyna jemledi.
Däbe öwrülen, ýöriteleşdirilen Halkara sergisi hem häzirki zaman türkmen lukmançylygyny ösdürmegiň derwaýys meselelerini çözmäge ýardam edýär. Bu serginiň çägi ýylsaýyn giňelýär we oňa gatnaşýanlaryň sany artýar.
Halkara forumynyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar we myhmanlar Sergi köşgüniň iki gatynda ýerleşen giň möçberli ekspozisiýa bilen tanyşdylar.
Şu ýyl “Saglyk-2012” atly halkara sergä gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine dünýäniň 43 ýurdundan lukmançylygyň dürli ugurlarynda işleýän hünärmenler geldiler. Foruma daşary ýurt kompaniýalarynyň 255-si gatnaşýar. Olaryň arasynda derman serişdeleriniň köp görnüşlerini öndürýän 178 kompaniýa, lukmançylyk enjamlaryny we beýleki materiallary öndürýän 77 kompaniýa, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda hyzmatlaryň köp görnüşlerini amala aşyrmaga ýöriteleşdirilen kompaniýalar bar. Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Latwiýadan, Şweýsariýadan, ABŞ-dan sergä gatnaşýanlaryň sany ep-esli artdy. Ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän, Russiýadan, Fransiýadan, Ukrainadan, Hytaýdan we Türkiýeden gelen kompaniýalar hem sergide giňden wekilçilik edýärler.
Sergi Türkmenistanyň Baştutanynyň ylmy işleri, türkmen topragynda ösýän täsin dermanlyk ösümliklere bagyşlanan kitaplary ýerleşdirilen pawilon bilen açylýar. Serginiň köp ugurly häsiýete eýe bolmagy onuň aýratynlyklarynyň biridir. Bu sergi tejribe alyşmak, täze şertnamalary baglaşmak we saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin ajaýyp meýdança bolup hyzmat edýär.
Sergä ilkinji gezek gatnaşýanlaryň arasynda derman serişdeleriniň köp görnüşlerini hödürleýän Borşewsk himiýa-farmasewtika zawody (Ukraina), Şweýsariýanyň “GBS Bakr” inžiniring kompaniýasy, lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýan “General Elektric Healthcare” kompaniýasy, “Grand Medical” kompaniýasy (Beýik Britaniýa), Moldowanyň “Pharma prim” farmasewtika kompaniýasy we beýlekiler bar. Kosmetika serişdelerini hödürleýän “Belnatur” kompaniýasy (Ispaniýa) hem sergä ilkinji gezek gatnaşýar. Bu kompaniýa üç ýylyň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp, öz önümlerini alyjylara Barselona şäherinde ýerleşýän zawoddan ugradýar. Şol alyjylaryň arasynda paýtagtymyzyň we welaýatlaryň iri gözellik salonlary, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky iri şypahanalarda we myhmanhanalarda ýerleşýän salonlar bar.
Sergä gatnaşýanlaryň arasynda türkmen lukmanlary bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalar – “Hoshitalia internatijhal CmbH” we “Bionoricf CE” (Germaniýa), “World Medicine Limited” (Beýik Britaniýa), “Cteklopribor” (Ukraina), “Nycomed” (Awstriýa), “Brupharmexport” (Belgiýa) kompaniýalary we beýlekiler bar.
Şu sergi saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky özboluşly hasabat bolmak bilen, özleriniň tejribesini, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny we kämil enjamlaryny hödürläp biljek esasy daşary ýurt kompnaiýalary, bilermenler bilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda nobatdaky ädime öwrülmelidir.
“Saglyk-2012” atly sergide saglygy goraýyş ulgamyna degişli önümleriň örän köp görnüşleri hödürlenilýär. Oňa gatnaşyjylar lukmançylyk tehnikasynyň iň soňky gazananlaryny, keseli anyklaýyş we barlaghana enjamlarynyň dürli görnüşlerini, sarp edilýän materiallaryň täze görnüşlerini, tebigy dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan derman serişdelerini, hassahana aragatnaşyk ulgamlaryny, arassaçylyk-gigiýena maksatly önümleri görkezýärler. Kompaniýalaryň ençemesi innowasion lukmançylyk tehnologiýalary ulgamlarynda harytlary we hyzmatlary hödürleýär.
Daşary ýurtly önüm öndürijileriň we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleriniň köpüsi üçin bu sergi özleriniň mümkinçilikleri we meýilleri barada gürrüň bermek, geljegi uly türkmen bazaryna ornaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan serginiň köp bölegi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň we derman senagatynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanýar hem-de türkmen lukmançylygynyň ýeten belent derejesi barada gürrüň berýär. Oňa gatnaşýanlaryň arasynda ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň 28-si we hususy kärhanalarynyň 30-dan gowragy bar. Diwarlyklaryň käbirinde iri saglygy goraýyş edaralary, türkmen lukman-alymlarynyň ylmy işläp taýýarlamalary, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly ylmy barlaglaryň geçirilişi barada gürrüň berilýär.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleri, beýleki ylmy kitaplar, ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň işläp taýýarlamalary giňden görkezilýär. Ýurdumyzyň derman senagatynyň gazananlaryny görkezýän diwarlyklar hem örän gyzyklydyr. Serginiň uly bölümi ýurdumyzyň täze we durky täzelenen şypahana – sagaldyş merkezleriniň işine bagyşlanýar.
Her ýyl Aşgabatda geçirilýän lukmançylyk sergisi saglygy goraýyş maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda ýöriteleşdirilen iri meýdançalaryň biri hasaplanylýar. Lukmançylyk forumynyň geçirilmegi saglygy goraýyş maglumatlar tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we ulanmak ulgamynda bitewi maglumatlar giňişligini döretmäge ýardam edýär.
Lukmançylyk tehnikasy we tehnologiýalary, farmasewtika ulgamlaryndaky innowasion teklipler, şeýle hem dürli keselleri bejermegiň öňdebaryjy usullary halkara ylmy maslahatyň işiniň ugurlaryny kesgitledi. Bu maslahatyň umumy mejlisi günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda geçirildi.
Çykyş edenler – meşhur alymlar, Germaniýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Russiýanyň hassahanalarynyň we ylmy-barlag lukmançylyk edaralarynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň örän derwaýysdygyny we uly ähmiýete eýedigini bellediler. Daşary ýurtly myhmanlar bu özgertmeleriň gerimine mynasyp baha berdiler. Ýurduň ähli ýerinde gurulýan häzirki zaman hassahanalary, saglygy goraýyş edaralary, şypahanalar, şeýle hem öňdebaryjy enjamlar we häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň binalary haýran galdyrýar diýip, myhmanlar aýdýarlar.
Saglygy goraýşyň milli nusgasyna aýratyn üns berildi. Çykyş edenler ylmyň, bilimiň we saglygy goraýşyň sazlaşdyrylmagy oňyn netijeleri berýär diýip bellediler. Munuň özi lukmançylyk işinde öňdebaryjy tehnologiýalary we täzelikleri ulanmaga ýardam berýär, hünär okuwyny yzygiderli alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Ylmy maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soň, halkara ylmy toparlaryň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilýän “Saglygy goraýyş we bilim” atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Ertir “Saglyk-2012” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işini dowam eder. Ylmy-hassahana merkezlerinde, saglygy goraýyş edaralarynda, şeýle hem paýtagtymyzyň iri myhmanhanalarynyň maslahatlar zallarynda geçiriljek ylmy bölümleriň 14-sinde lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna, lukmançylyk enjamlary we derman senagaty ulgamyndaky innowasion işläp taýýarlamalara, keselleri anyklamagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryna, häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň beýleki derwaýys meselelerine bagyşlanan çykyşlar diňleniler.
Halkara foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerine, şol sanda Mollagara şypahanasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşarlar. Türkmenistanyň myhmanlary türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri we onuň muzeýleriniň gymmatlyklary bilen tanşarlar, Aşgabadyň atçylyk -sport toplumyna baryp görerler.