Ï Oraza - ruhy taýdan täzelenmegiň döwri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oraza - ruhy taýdan täzelenmegiň döwri

view-icon 522
Her bir musulmanyň ýüreginde aýratyn orun eýeleýän mukaddes Oraza aýy - agyz beklemegiň, päklenmegiň we haýyr-sahawatyň döwri ýetip geldi. Däp bolşy ýaly, gadymy türkmen topragynda hem bu aýa uly sarpa goýulýar.

Oraza aýy türkmenistanlylar üçin diňe bir bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklary-ahlak taýdan arassalygy, rehim-şepagatlylygy we ynsanperwerligi alamatlandyrman, eýsem halkymyzyň öz ata-babalarynyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär. Peder – eždatlarmyzyň şol ýörelgeleri bolsa berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär.

Çünki, päklik, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, adalatlylyk we mertebelilik duýgulary adamyň ruhy baýlygynyň alamatlarydyr. Maksada okgunly, işjeň, halal adamlar halkymyza, ata Watanymyza wepaly hyzmat etmek üçin ähli güýç-gaýratyny sarp edip, ruhy taýdan kämil jemgyýetiň ýaşamagy we ösmegi üçin amatly ýagdaýy döredýärler.

Düýn ýurdumyzyň ähli metjitlerinde mukaddes Oraza aýynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan tarawa namazy okaldy. Ol agzybirligiň, dostlugyň we ruhubelentligiň nyşany hökmünde bütin Oraza aýynyň dowamynda okalar.

Mälim bolşy ýaly, Oraza yslam senenamasynda aýratyn orun eýeleýär, çünki hut şu aýda Gudraty güýçli Allatagala Muhammet pygambere mukaddes Gurhany iberipdir diýlip hasaplanylýar. Bu wakanyň mukaddesligi hökmünde her bir musulman adam hoşniýetli we sogap işleri etmäge hem-de birek-biregiň göwnüne degmezlige we günälerini geçmäge çalyşýar. Şu döwrüň maksady ynanç-ygtykaty berkitmekden, ruhubelentlik ýörelgelerine eýermekden, ahlak gymmatlyklaryna göz ýetirmekden, öz kemçilikleriňi düzetmekden ybaratdyr.

Bu aý her bir adamyň kalbynda iň gowy häsiýetleri oýarýan sahawatlylygyň we rehim – şepagatlylygyň döwrüdir. Adam ýagşy we asylly işleri amala aşyryp, daşymyzy gurşap alan dünýä bilen aýratyn sazlaşyk döredýär we ynamyny berkidýär. Şu mukaddes aýda Beýik Biribardan dileg edilip, sadakalar berilýär. Çünki, bu aý jebisligiň we sogap işleriň, täze mümkinçilikleri açmagyň döwrüdir.

Mukaddes Oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gije-Gadyr gijesi musulmanlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Hut şu Gadyr gijesinde Gudraty güýçli Allatagala Jebraýyl perişdäniň üsti bilen Muhammet pygambere keramatly Gurhany iberipdir.

Agyz beklemek tamamlanandan soň, 19-njy awgustda uly baýram-Oraza baýramy bellenilip geçiler. Bu baýramçylyk Türkmenistanda ählihalk dabarasy hökmünde belleniýär.

Goý, her bir okalan aýat-dogalar Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, mukaddes Oraza aýynyň her bir güni ruhubelentlik baýramyna öwrülip, ata Watanymyzyň parahatçylygynyň, ösüşiniň we rowaçlygynyň bähbidine çäksiz söýgä, rehim-şepagatlylyga we sogap işlere beslensin!

Orazaňyz kabul bolsun!