Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan guralan “Saglygy goraýyş we bilim” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.
Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabatda dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Çehiýanyň iri ylmy-kliniki merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, saglygy goraýyş we derman senagaty boýunça hünärmenler ýygnandylar. Türkmen tarapyna ýurdumyzyň ylmy-kliniki merkezlerniň alymlary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlary we talyplary wekilçilik edýärler.
Aşgabatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we lukmançylyk bilimi boýunça gazananlaryna bagyşlanylan ylmy maslahatyň geçirilmegi täze taryhy eýýamda türkmen döwletiniň ösüşinde bu ulgamyň ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň esasy wezipeleri sagdyn durmuşa we adamlaryň saglygynyň goralmagyna degişli ýörelgeleri kemala getirmekden we ösdürmekden, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmekden, maşgala lukmançylygyny we raýatlaryň saglygynyň goralmagyny ösdürmekden, ilata tölegsiz lukmançylyk kömegini bermek boýunça edilýän hyzmatlaryň döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberlerini üpjin etmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem daşky gurşawy goramak, bejeriş we şypahana edaralarynyň işini kämilleşdirmek, derman senagatyny ösdürmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini hem-de medisina ylmynyň we tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmançylyga degişli işgärleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de saglygy goraýyş boýunça kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşigi hem-de esasy halkara guramalary, şol sanda BMG we onuň iri düzümleri- Bütündünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF) hem-de Türkmenistan bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýän beýleki guramalar tarapyndan giňden ykrar edildi.
Hünäri boýunça ökde işgärleriň taýýarlanmagyna ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde uly ähmiýet berilýär. Bu işde lukmançylyk boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine möhüm orun degişlidir. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň döwrebap enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen binalarynyň täze toplumynyň açylmagy talyplary we aspirantlary okatmagyň öňdebaryjy usullaryny üstünlikli ornaşdyrmaga, lukmanlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede taýýarlanmagyny üpjin etmäge, ylmy barlaglaryň derwaýys ugurlarynyň işlenip taýýarlanmagyna ýaş işgärleri çekmäge mümkinçilik berýär. Ýewropanyň işewürler assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine “Ýewropa hili” atly abraýly halkara sylagynyň gowşurylmagy, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň lukmançylyk boýunça bilim berýän akademiki edaralar baradaky maglumatlaryň Bütündünýä goruna-“Awisenna” atly kataloga goşulmagy berilýän bilimiň ýokary hillidigine şaýatlyk edýär.
Şoňa görä-de, lukmançylyk ylmy we bilimi boýunça gazanylanlara bagyşlanan şu halkara maslahatynyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilmegi kanuna laýyk ýagdaýdyr.
Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar soňky ýyllarda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda bolup geçýän özgertmeleriň gerimine mynasyp baha berdiler. Maslahata gatnaşyjylaryň aýtmagyna gorä, tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap klinikalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň, bejeriş merkezleriniň we şypahanalaryň, şeýle hem öňdebaryjy enjamlar we döwrebap innowasiýon tehnologiýalar bilen üpjin edilýän okuw mekdepleriniň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylmagy – bularyň ählisi ýurdumyzda saglygy goraýyş boýunça amala aşyrylýan strategiýanyň netijelidigini aýdyň görkezýän subutnamadyr.
Şunuň bilen baglylykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleriň möhüm we oňyn ähmiýete eýedigini bellediler. Şonda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda döwlet Baştutanymyz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, birnäçe daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleriniň hormatly professory Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen milli nusga aýratyn üns berildi. Onuň oňyn ähmiýetiniň ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň we halk lukmançylygynyň baý mirasynyň utgaşmagyndan ybaratdygy we öz gezeginde, munuň lukmanlaryň iş tejribesinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ulanylmagyna ýardam edýändigi hem-de hünär boýunça bilim bermek işini üznüksiz alyp barmaga mümkünçilik berýändigi bellenildi.
Ertir maslahat bölümlerdäki mejlisleriň çäklerinde öz işini dowam eder.