Ï Şäher gatnawlarynyň ugurlarynyň sany köpeldiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şäher gatnawlarynyň ugurlarynyň sany köpeldiler

view-icon 523
Ýylyň ahyryna çenli paýtagtyň ýolagçy gatnadýan ulag kärhanasynyň ulaglarynyň üsti Günorta Koreýanyň „Hundaý“ kompaniýasynyň öndürýän rahat awtobuslarynyň 200 sanysy bilen ýetiriler. Bu bolsa Aşgabat şäher ýolagçy awtoulag kärhanasyna ýolagçy gatnatmagyň täze ugurlaryny döretmek bilen, ýolagçy gatnadylmagyny has artdyrmaga mümkinçilik berer.


Häzirki wagtda Aşgabatda eýýäm umumy uzynlygy 2 müň 230 kilometr bolan awtobus ugurlarynyň 60-sy hereket edýär. Olaryň ugurlary şäheriň çägi näçe giňeldigiçe olaryň ugurlary hem yzygiderli köpeldilýär. Meselem, bir aý mundan ozal täze ugurlaryň ikisi döredildi. Bu täze ugurlar şäheriň beýleki sebitlerini 10 ýyl Abadabçylyk köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze ýaşaýyş jaý etrapçasy bilen birleşdirdi.


Paýtagtyň awtoulag kärhanalary şäheriň dürli künjeginde ýerleşmek bilen, olar özünde 700 sany şäher awtobuslaryny birleşdirýär. Olaryň ählisi hem şäherimiziň ýollarynda hereket edýärler. Olaryň 500-si bolsa Günorta Koreýada öndürilen awtobuslardyr. Olaryň ilkinji tapgyry bolsa biziň ýurdumyza üç ýyl mundan ozal gelip gowuşdy.

Ýollarda hereket edýän awtobuslaryň sany ýolagçylaryň akymyna baglydyr. Meselem, „Berzeňňi – Teke bazar“ aralygyna gatnaýan 16 belgili ýa-da „Älem - Parahat“ aralygyna gatnaýan 29 belgili ugurlar boýunça gatnaýan ýolagçylar kör garaşmaly bolmaýarlar, awtobuslar her 5-7 minut aralygynda gatnaýarlar. Awtobuslaryň gatnaw düzgünini görkezýän ýazgy her duralgada goýulandyr. Şäheriň her duralgasynyň aralygy düzüzndäki ýaly, 300-500 metr aralygyndadyr.