Ï Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 500
Şu gün welaýatyň etraplarynda Türkmenistanda her ýyl bellenilýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp nobatdaky durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek dabaralary geçirildi.

Dabaralara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilen täze desgalaryň açylyş dabaralary asylly däbe öwrüldi. Milli senenamamyzyň her bir şanly senesine gabatlanyp dürli maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň subutnamasydyr. Bu şanly wakalar “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň ägirt uly ähmiýetiniň netijesidir.

Mysal üçin, şu gün Baýramaly şäherinde birbada durmuş ähmiýetli örän möhüm desgalaryň ikisiniň – 350 orunlyk sport mekdebiniň we “Orazçary” hususy kärhanasynyň işçileri tarapyndan bina edilen açyk sport desgalarynyň toplumyndan ybarat bolan 1500 orunlyk täze stadionyň açylyş dabaralary boldy.

Şanly waka mynasybetli baýdaklar we howa şarlary bilen bezelen häzirki zaman sport merkeziniň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi. Dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, sport komitetleriniň wekilleri, türgenler, sport hereketiniň weteranlary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy “Arkadaga şöhrat!” diýen şygar astynda okuwçy ýaşlaryň olimpiýa halkasyny alamatlandyrýan ýörişi bilen başlandy. Soňra stadionda türgenleriň sportuň dürli görnüşleri – ýeňil atletika, boks, göreş, tennis we beýlekiler boýunça görkezme çykyşlary boldy.

Futbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriljek täze stadionda tennis kortlary, häzirki zaman sport abzallary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik otaglary, kommentatorlar üçin otaglar, lukmançylyk nokady we beýleki kömekçi jaýlar bolar. Stadionyň münberleri göwnejaý derejede enjamlaşdyrylypdyr. Ol ýerde sport meýdançasynda bolup geçýän bäsleşiklere oňat tomaşa edip bolýar. Bu ýerde gurnalan telärler sport janköýerlerini gün şöhlesinden we ýagyş-ýagmyrlardan gorar. Ýörite yşyklandyryş ulgamy bu ýerde agşamlaryna hem ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Sport mekdebiniň iki sany binasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek üçin giň zallar, aýratyn türgenleşik otaglary, kiçi futbol, woleýbol, basketbol, gandbol oýnamak üçin zallar, küşt-şaşka bäsleşiklerini geçirmek üçin ýörite jaýlar bar. Sport mekdebinde sportuň suwda oýnalýan görnüşleri boýunça türgenleri taýýarlamak üçin şertler göz öňünde tutulypdyr. Şonuň üçin bu ýerde suwy ýyladylýan 25x10 metrlik ölçegdäki howuz bar. Howuzda geçirilýän bäsleşiklere syn etmek üçin bu ýerde ýörite tomaşaçylar üçin meýdança gurnalypdyr.

Şu gün Türkmengala etrabynyň Kemine adyndaky daýhan birleşiginde hem bir günde 30 adamy kabul etmäge niýetlenen saglyk merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

“Merw-Binýat” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen täze saglyk merkezinde näsaglar lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerinden, şol sanda anyklaýyş we maslahat beriş hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Olar üçin bu ýerde rentgen, hirurgiýa, terapiýa, fizioterapiýa, ginekologiýa, stomatologiýa, gündizki bejeriş hyzmatlary guralar. Biziň ýurdumyzda bina edilýän ähli lukmançylyk edaralarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary oturdylypdyr.

Oba ýerinde bina edilen täze saglyk merkezi berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň aýdyň netijeleriniň ýene bir subutnamasydyr. Bu maksatnama bolsa biziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä standartlaryna laýyk getirmäge, ilatymyza berilýän lukmançylyk hyzmatlaryny yzygiderli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Şu gün Mary welaýatynda täze desgalary ulanmaga bermek dabaralarynda ussat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.