Akdepe etrabynyň mekdebe çenli edaralarynyň ulgamyna ýene-de bir täze bina goşuldy. Şu gün bu etrabyň dolandyryş merkezinde 140 orunlyk täze çagalar bagy ulanmaga berildi. Mekdebe çenli döwrebap çagalar edarasy “Daşoguzgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 10-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan guruldy.
Täze çagalar bagy 7 sany topara niýetlenendir. Ýatylýan giň jaýlar, ders bermek we oýun oýnamak, çagalaryň döredijiligi üçin otaglar, lukmançylyk otagy, aýdym-saz zaly, lingafon otaglarynyň ikisi hem-de beýleki esasy we kömekçi jaýlar bu toparlaryň ygtyýarynda bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzda mekdebe çenli bilim bermek babatda bildirilýän talaplara laýyklykda, bu ýerde körpelere kompýuter boýunça sowat bermek hem-de daşary ýurt dillerinde degişli başlangyç bilimleri öwretmek üçin göwnejaý şertler göz öňünde tutuldy. Mekdebe çenli täze çagalar edarasynyň daş-töweregi hem abadanlaşdyryldy, bu ýerde oýun oýnamak üçin niýetlenen we sport meýdançalary, tomsuna dynç alynýan telärler bar.
Ozal bu şäherçede şunuň ýaly döwrebap mekdebe çenli çagalar edarasy eýýäm ulanmaga berildi, häzirki wagtda täze çagalar baglarynyň ýene-de biri Bagban köçesiniň ugrunda gurulýar.
Baýramçylyga mahsus ýene-de bir waka döwletimiziň ýaşlar, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürilmegi barada alada edýändigini aýdyň görkezdi. Şu gün Daşoguz şäheriniň merkezinde bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň durky düýpli täzelenenden soňra, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleri üçin ýene-de öz gapysyny giňden açdy.
Şu ýerde “Medine gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurluşyk işlerini geçirmegiň barşynda bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň inženerçilik-tehniki desgalaryň düzümi hem döwrebaplaşdyryldy.
Bu toplum köp ugur üçin niýetlenendir, munuň özi onuň esasy aýratynlygy bolup durýar. Toplumda sportuň birnäçe görnüşleri, sagaldyş gimnastikasy bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredildi. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin niýetlenen esasy zal, türgenleşik geçirilýän zallaryň ikisi, çagalar we ulular üçin suwa düşülýän howuzlar, köp sanly duşlar, geiým çalşyrylýan ýerler hem bar. Toplumyň bökdençsiz işlemegi üçin tok, ýylylyk we suw bilen üpjün etmek boýunça özbaşdak ulgamlar oturdyldy, onuň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi hem-de döwrebap yşyklandyryjy enjamlar goýuldy.
Soňky ýyllarda döwletiň özgertmeler maksatnamasynyň amala aşyrylmagy netijesinde şunuň ýaly üsti ýapyk sport desgalary welaýatyň dolandyryş merkezinde ilatyň gür ýaşaýan ýerleriniň ählisinde guruldy. Daşoguz şäheriniň dürli künjeklerinde täze sport mekdepleriniň üçüsi ulanmaga berildi, häzirki wagtda ýene-de biri Nowruz-2 kiçi etrapçada gurulýar. Olar şäherde gurlan 10 müň orunlyk stadiondan ybarat bolan sport toplumy, üsti açyk sport meýdançalarynyň birnäçesi bilen birlikde, daşoguzlylara tutuş ýylyň dowamynda sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär. Ýakyn wagtda bolsa, durky düýpli abatlanandan soňra, 10 müň orunlyk stadionly ýene-de bir sport desgasy şolaryň üstüni ýetirer.
Şu gün Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda täze, döwrebap çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. “Şägirt” hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň bina eden täze desgasy obanyň binagärlik keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy.
Iki gatly çagalar bagynda körpeleriň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri üçin ähli oňaýly şertler we amatlyklar döredilipdir. Ýumşak mebeller bilen üpjün edilen oňaýly ýatylýan jaýlary, oýun otaglary, saz we gimnastika zallary, lingafon we kompýuter otaglary, ýapyk görnüşli ýüzüş howzy, saglyk otagy we naharhana körpeleriň ygtyýarynda. Täze çagalar bagynda obaly körpeleriň 160-sy terbiýeleniler we olar mekdebe çenli bolan okuwy geçerler.
Täze desganyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, ol döwrebap yşyklandyryjylar bilen üpjün edilipdir, ýaşyl zolaklar döreldilipdir, şeýle hem ertekileriň gahrymanlarynyň heýkeljjikleri oturdylypdyr. Geleşikli tomusky telärler, eýwanlar we çägeli zolaklar bilen üpjün edilen oýun meýdançalary çagalaryň söýgüli künjegine öwrüler.
Şunuň ýaly 160 orunlyk çagalar bagy Hojambaz etrabynyň Mekan obasynda hem gurulýar. Ol öz gapylaryny körpeler üçin geljek aýda açar.
Şu gün Daşoguz we Lebap welaýatlarynda guralan täze desgalaryň açylyş dabaralarynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ösüp barýan ýaş nesillere yzygiderli berýän ünsi we aladasy, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän tagallasy üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. Täze desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary astynda alnyp barylýan we durmuş ugra gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaralaryň darşynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Şu günki wakalaryň şanyna, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna toý sadakasy berildi.

* * *