Ï Täze oba gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze oba gurulýar

view-icon 671
Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk geňeşliginde Garagum derýasynyň demirgazyk tarapynda umumy meýdany 400 gektar bolan täze obanyň gurluşygy dowam edýär.

Ilkinji nobatda ilatly nokatda iki gatly kottejleriň 85-si gurular. Umumylykda obanyň çäklerinde 2054 sany kottej gurular. Olar 1 we 2 gatly bolup, 3 we 6 otagly häzirki zaman gurluşly ýaşaýyş jaýlarydyr. Oba ýaşaýşynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutulup, her bir öýüň asfalt düşelen telärli howlusy, mal we towuk saklamak üçin ýatagy, ammary we maşyn goýulýan ýeri bolar.

Şeýle hem bu ýerde durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň 22-si gurular. Olaryň hatarynda oba geňeşliginiň binasyny, Medeniýet öýüniň binasyny, metjidiň binasyny, her biri 800 orunlyk bolan orta bilim berýän mekdepleriň 3-niň binasyny, her biri 240 orunlyk bolan çagalar bagynyň 5-niň binasyny, bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň binasyny, Saglyk öýüniň binasyny, söwda merkeziniň binasyny, Durmuş öýüniň binasyny, dabaralr geçirilýän merkeziniň binasyny, senagat we azyk harytlary söwdasy üçin dökanlaryň 6-nyň binasyny görkezmek bolar.

Täze obanyň gurluşygyny „Arkaçgurluşyk“ we „Ahalgurluşyk“ Önümçilik birleşikleri alyp barýarlar. Bu täze obanyň gurluşygynyň taslamasyny „Türkmendöwlettaslama“ Döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň hünärmenleri düzdüler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 3-nji fewralynda bolup geçen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen badalga berilen bu taslamany 2016-njy ýylda doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Ruhabat etrabynda häzirki zaman täze obanyň gurluşygy şular ýaly obalaryň gurluşygyny ýurduň beýleki sebitlerinde hem göz öňünde tutýan „Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň makastanamasyny“ amala şayrmagyň çäklerinde geçirilýär. Täze obalar Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda, Daşoguz welaýatynyň A.Nyýazow adyndaky etrabynda, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda we Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynda gurular. Häzirki wagtda ýerlerde desgalaryň taslamalaryny işläp düzmek, gurluşygyň meýilnamalaryny düzmek işleri tamamlanyp barýar, geologiki we geodeziýa gözlegleri alnyp barylýar.