Şu gün Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda Ženewa konwensiýalarynyň kabul edilmeginiň nobatdaky ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty boldy.
Duşuşyga pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistandaky Halkara Gyzyl Haç komitetiniň, UNISEF-iň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, UNFPA-nyň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, 1949-njy ýylyň 12-nji awgustynda kabul edilen Ženewa konwensiýalary häzirki zaman halkara gumanitar hukugynyň (HGH) esasyny goýan halkara şertnamalarydyr. Häzirki güne çenli Ženewa konwensiýalaryna 190-dan gowrak döwlet, şol sanda Türkmenistan goşuldy we biziň ýurdumyz köp sanly esasy halkara konwensiýalaryna we şertnamalaryna doly hukukly gatnaşyjy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.
Metbugat maslahatynyň barşynda adam hukuklaryny goramak babatda Ženewa konwensiýalarynyň möhüm ugurlary we ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän, durmuş ugruna gönükdirilen syýasata laýyklykda halkyň abadan durmuşyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli demokratik özgertmeler nuakdaýnazaryndan halkara hukugynyň umumylykda kabul edilen kadalaryny milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak boýunça biziň ýurdumyzyň tejribesi barada çykyşlar hem edildi.