Ï Hususy sektoryň gurluşykçylary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hususy sektoryň gurluşykçylary

view-icon 699
Gurluşyk senagaty ýurduň telekeçileriniň netijeli işleriniň aýdyň nusgasydyr. Hususy gurluşyk şereketleriniň hatarynda „Ak tam“ hijalyk jemgyýetini görkezmek bolar.

Bu şereket öz işini kömekçi potratçylykdan başlady. Abadan şäherinde gurup, ulanmaga beren ähli amatlyklary bolan we töweregi abadanlaşdyrylan 4 gatly iki sany ýaşaýyş jaýy bu hojalyk jemgyýetiniň ilkinji iri desgasydyr. Bu hojalyk jemgyýetiniň işleri oňat hilli alyp barmagy netijesinde buýurmalaryň sany barha artdy. Eýýäm 2010-2011-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Babarap şäherçesinde Medeniýet öýüniň gurluşygy alnyp barylýar. Indi bolsa täze taslamalary durmuşa geçirmek alnyp barylýar.

Hojalyk jemgyýeti Balkanabatda 254 maşgala niýetlenen 4 gatly jaýlaryň altysynyň gurluşygyny alyp barýar. Gurluşyk meýdançasynyň umumy meýdany bolsa, 60 müň inedördül metrdir. Bu ýaşaýyş jaýynyň töwereginde bolsa däp-dessurlary we maşgala toý-dabaralaryny ýerine ýetirmäge niýetlenen meýdança, sport we çagalar meýdançalary, şeýle hem her biri 36 sany ulaga niýetlenen üç sany ulag goýulýan meýdança gurular. Häzirki wagtda gekejeki ýaşaýyş massiwiniň bezeg we timarlaýyş işleri alnyp barylýar. Bu gurluşyk desgasyny buýuryja – Balkan welaýatynyň häkimligine golaý wagtda tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

„Ak tam“ hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary Balkan welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Belek şäherçesinde durmuş ähmiýetli desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny alyp barýar. Olaryň hatarynda Saglyk öýüni, 100 orunlyk çagalar bagyny we 200 tomaça niýetlenen zally Medeniýet öýüni görkezmek bolar. Bu işler „Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli Milli maksatnamasynyň“ çäklerinde geçirilýär. Bu ýerdäki gurluşyk işleri hem tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Şeýle hem bu hojalyk jemgyýeti gurluşyk önümlerini, alýumin penjirelerini we witražlary hem öndürýär.