Aşgabatda Türkmenistanda milli seýilgähleri döretmegiň gelejegine bagyşlanyp maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we BMG-iň Ilat Gaznasy„Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy çäkler ulgamyny dolandyrmagyň netijeliligi“ taslamasynyň çäklerinde „Ak altyn“ myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda guralan bu maslahata ýurduň tebigaty goraýan edaralarynyň, döwlet goraghanalarynyň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyň wekilleri gatnaşdylar. „Türkmensuwtaslama“ Ylmy-gözleg institutynyň ykdysadçylary, Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri boýunça gulluklary milli bilermen hökmünde gatnaşdylar.
Bu maslahatyň esasy maksady – aýratyn goralýan tebigy çäkleri dolandyrmagyň iň gowy dünýä tejribeleri bilen tanyşdyrmakdan, şol sanda milli seýilgähleri we Türkmenistanyň kanunçylygyny hem-de „Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda“ täze kanunyň kabul edilmegini nazara almak bilen, ony ýurtda ulanmagyň mümkinçiliklerine garamakdan ybaratdyr.
Türkmenistanda tebigatyň ajaýyp künjeklerini goramak boýunça, olara baryp görmeklige, ekologiki jemgyýetleriniň durmuşyna goşulyşmaga ýol bermezden,öz wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýän goraghanalar ulgamy netijeli işleýär. Goraghanalarda hökmany bolup durýän bu çäklendirmeler Türkmenistanyň gözel we ajýyp künjekleriniň köp sanlysynyň bardygyna garamazdan milli seýilgählerde ep-esli ýeňilleşdirilýär. Bu täze, dolandyrmakda has çeýe bolan tebigy goralýan ýerleriň nähili ýagdaýda boljakdygyny halkara we milli bilermenleriniň maslahatyndan soňra belli bolar. Taslamanyň milli tehniki maslahatçysy Şirin Garryýewanyň belleýi ýaly, milli seýilgähleriň esasy aýratynlyklarynyň biri – syýahatçylygyň aç-açanlygydyr.
Mälim bolşy ýaly, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň işi döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär. Şeýle-de bolsa, syýahatçylaryň köpçülikleýin barjak ýerine öwüriljek milli seýilgähleriň işlemegi üçin ykdysadçylar maliýe serişdelerini gazanmagyň beýleki mümkinçilikleriniň bardygyny hem aýdýarlar. Meselem, maslahatyň çäklerinde etniki ýa-da oba, etnografiki we ekologiki syýahatçylygy guramak boýunça örän ajaýyp pikirler aýdyldy.
Bu biologiki dürliligi saklamak, ekologiki syýahatçylygy emele getirmek esasy wezipesi bolup durýan gelejekki milli seýilgähleriň iş meýilnamalaryny we maliýeleşdirmegiň düzgünlerini ara alnyp maslahatlaşylýan duşuşygyň ilkinjisi däldir. Dünýä tejribesinde milli seýilgähleriň ösüş iş meýilnamalary, marketing ýa-da bazar baş ýörelgeleri bardyr. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda şular ýaly gelejekki aýratyn goralýan çäkler üçin bu tejribäniň zerur boljakdygy mälimdir. Şunlukda, ekologiki syýahatçylygyň bazalaryna hyzmat etmek boýunça ýerli ilatyň gatnşmagynyň hökmandygy we ýurduň ajaýyp tebigy künjeklerini gorap saklamaga isleg bildirýän şahslaryň hyzmatdaş hökmünde gatnaşyp biljekdikleri nygtaldy. Nygtalyşy ýaly, bu ýagdaý oba adamlarynyň maliýe tarapdan durnukly bolmaklaryna we Türkmenistanyň syýahatçylyk we tebigy mümkinçiliklerini ösdürmäge itergi berer
Gelejekde bu maslahat ýurduň dürli maliýe institutlarynda dowam etdiriler, şeýle hem ýerlerde bir günlik göçme maslahatlar geçiriler. Tebigaty goramak işinde dünýäniň iň gowy tejribelerini peýdalanmak bilen Türkmenistan diňe bir tebigatyň gözel ýerlerini gorap saklamaga çalyşman, eýsem ony syýahatçylyk üçin hem peýdaly bolmagy ugrunda çalyşýar. Bu maksatlar üçin dünýä boýunça milli tebigy seýilgähler öz oňaýly täsirlerini ýetirýärler.