Ï Watanyň wepaly ogly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanyň wepaly ogly

view-icon 3863
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Watanyň wepaly ogly. Mälikguly aganyň tutuş ömrüniň işi” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitaby Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň doglan gününiň 80 ýyllygyna gabatlap Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy çapdan çykardy. Türkmen we rus dillerindäki bu ylmy-resminamalaýyn neşiri Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasynyň hünärmenleri çapa taýýarladylar.


Tanyşdyrylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, belli alymlar we syýasatşynaslar, medeniýet işgärleri, žurnalistler, şeýle hem paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu täze kitap uly terbiýeçilik ähmiýetine, ilkinji nobatda, türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu kitap “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ene-atasy hakynda” diýen bölüm bilen açylýar. Onuň epigrafy edilip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüne berlen üns hem kömek üçin ene-atasyna mähir-muhabbetden doly “Men özüme berlen terbiýe, edep-ekram üçin ene-atama minnetdardyryn” diýen perzentlik hoşallygy baradaky sözler alnypdyr.

Täze neşirde terjimehal we arhiw maglumatlarynyň esasynda Mälikguly Berdimuhamedowyň ömri we işi barada gürrüň berilýär, onuň ady biziň ýurdumyzda giňden bellidir. Ol käri boýunça mugallym, harby işgär we taryhçy-usulyýetçi adam hökmünde tanalyp, oba mekdebiniň mugallymçylygyndan serkerdelik derejesine çenli uly hem şöhratly ýol geçdi.

“Ata kesbi ogla halal” diýen türkmen pähimi bar. Mälikguly aganyň aňyrdan gelýän köki intelligentlik, mugallymçylyk, magaryfçylyk. Ata kesbi ogly geçip, ol kesp asylly, netijeli bolupdyr. Orta mekdepde, ýokary okuw mekdeplerinde okan, goşunda, içerki goşunlarda gulluk eden, ministrliklerde we ylmy-usulyýet edaralarynda işlän döwürlerinde öňde goýlan maksada ýetmekde başarnyklylygy, erjelligi we tutanýerliligi onuň biliminiň, ähli zähmet, harby we döredijilik işleriniň doly hem-de köptaraplaýyn bolmagyny üpjün edipdir. Kitapda Mälikguly Berdimuhamedowyň harby gullukda, ylmy-mugallymçylyk kärinde, edara ediş we jemgyýetçilik – syýasy işde bitiren hyzmatlary barada gyzykly maglumatlar bar. Ömrüniň ähli basgançaklarynda ol güýç-gaýratyny, bilimini, ukybyny gaýgyrman zähmet çekdi. Ykbalyň her dürli öwrümlerinde mugallymçylyk “ýodasy” ony özüne dartyp geldi. Seýrek hem geň galdyryjy ugurdaşlyk aňyrdan gelýän nesil yzarlaýjylyk we ýaşaýyş durmuşynyň möhüm ýörelgesi hökmünde hemişe öz-özüňi kämilleşdirmek bilen şertlendirilendi. Hormatly Zähmet weteranlarynyň we Ýaragly Güýçleriň hatarynda aýratyn orny eýelemek bilen, ähli türkmen halkynyň ägirt uly sylag-sarpasyna, abraýyna eýe bolan Mälikguly aga ýaşlar üçin hem mynasyp görelde bolup durýar.

Alty çaganyň atasy M.Berdimuhamedow perzentleriniň häsiýetleriniň kämilleşmegine güýçli täsirini ýetirýär. Ýanýoldaşy Ogulabat eje bilen birlikde, ol perzentlerini türkmen maşgalasynyň iň gowy däplerinde terbiýeledi. Türkmen döwletiniň geljekki Baştutany—ýaş Gurbanguly hem öz durmuş basgançaklaryny öz ene-atasynyň görelde sapaklaryndan başlady.

Kitapda Mälikguly aganyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ýazan goşgulary, şeýle hem onuň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň goşun bölümlerinde gulluk edişi hakyndaky ýatlamalary çap edildi. Kitap baý surat materiallary we jemleýji bölümde hem “arhiw resminamalary we fotosuratlary” bilen üpjün edilipdir.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda täze kitabyň adalatlylyk, ynsanperwerlik, Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etmek ýörelgelerine eýermegiň ajaýyp nusgasyny görkezen Mälikguly aganyň ömrüniň we işleriniň göreldesinde ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar.

Şeýle tanyşdyrylyş dabaralary paýtagtymyzdaky beýleki käbir ýokary okuw mekdeplerinde hem geçirildi.