Daşoguzda ýakynlaşyp gelýän türkmen gawunynyň güni mynasybetli ussat bakjaçylaryň bäsleşigi geçirildi. Daşoguz welaýat „Miwe“ oba senagat birleşigi tarapyndan guralan bäsleşige ýurduň demirgazyk welaýatynyň etraplarynyň ählisinden ussat bakjaçylar gatnaşdylar.
Bakjaçylar türkmen topragynyň baý güneş nurundan ganan bakja ekinleriniň iň gowy nusgalaryny görkezdiler. „Zamça“, „bişek“, altyn şuglaly „gülaby“, örän tagamly „aknabat“, „waharman“, şireli we süýji „gürbek“, ýakymly ysly „tarlawuk“, „akmaral“, gaýtalanmajak tagamly „garrygyz“, „tartary“ ýaly gawun görnüşleri, şeýle hem iri göwrümli garpyzlar we kädiler bu ýere gelenleriň gözüni dokundyrdy. Emin agzalary bu ajaýyp nygmatlaryň daşky görnüşine, ölçeglerine we agramlaryna baha berdiler, gawunlaryň we garpyzlaryň süýjüligini barladylar.
Emin agzalarynyň kesgitlemesi boýunça, bäsleşigiň esasy baýragy bolan „Altyn gawun“ baýragy däp boýunça sebit we döwlet derejesinde her ýylda bakjaçylaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň birnäçe gezek ýeňijisi bolan Gubadag etrabynyň „Türkmenistan“ daýhan birleşiginden Sähet Aşyrowa gowşuryldy. Bu ussat bakjaçynyň bäsleşige hödürlän şöhratly „ala gürbek“ gawunynyň agramy on bir kilogramdan hem agyr geldi. Bu şirin-şeker gawunyň süýjüligine we gawunlara mahsus bolan ýakymly ysyna hem ýokary baha berildi.
Bäsleşigiň „Iň uly garpyz“ diýen baýragyna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň „Ak altyn“ geňeşliginden Orazgeldi Gölliýew mynasyp boldy. Onuň ösdürip ýetişdiren garpyzynyň agramy 25 kilogramdan hem geçdi. „Iň uly kädi“ diýen bäsleşikde bolsa, 23 kilogramdan hem agyrrak kädini bäsleşige hödürlän Gubadag etrabynyň „Gök ýaýla“ geňeşliginden bakjaçy Ýegendurdy Dowulbaýew birinji orna mynasyp boldy. „Üýtgeşik bakja ekini“ ady bilen geçirilen bäsleşikde bolsa, Gubadag etrabynyň „Ak altyn“ daýhan birleşiginiň ekerançysy Bazar Töreşowa taý gelen tapylmady. Onuň bäsleşige hödürlän adaty däl görnüşdäki we reňdäki uly bolmadyk kädilerine emin agzalary ýokary baha berdiler. Gawunlaryň ýerli görnüşleriniň birnäçe gowlandyrylan görnüşlerini bäsleşige hödürlän Gubadag etrabynyň „Babadaýhan“ geňeşliginden Maral Orazbaýewa iň gowy seleksioner-seçgiçi diýlip atlandyryldy. Bu geçirilen bäsleşik bakjaçylar üçin öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň mekdebi boldy, iş ýüzünde toplanan tejribäni özara paýlaşmaga mümkinçilik döretdi.