Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gurbansoltan eje adyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy-kliniki merkeziniň UNISEF bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly, “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça milli maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde Abadan şäheriniň we Ruhabat etrabynyň orta lukmançylyk işgärleri üçin okuw maslahatlary we treningler guraldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda has ýaş ýaşaýjylaryň hemme taraplaýyn we sazlaşykly ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berlip, çagalaryň bagtyýar we abadan geljeginiň üpjün edilmegine, ýaş nesliň mekdepden öň terbiýelenmegine we okadylmagyna, eneligiň goralmagyna we maşgaladaky gymmatlyklaryň aýawly saklanmagyna içgin üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF) bilen hyzmatdaşlyga, eneligi we çagalygy goramak boýunça milli tejribäniň halkara derejesinde toplanan tejribe bilen baýlaşdyrylmagyna wajyp ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Hökümetiniň UNISEF-iň Türkmenistandaky Wekilhanasy bilen birlikde, şu ugur boýunça ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm jähetlerini hem-de Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň esasy düzgünleriniň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň kadalaryny göz öňünde tutmak arkaly hyzmatdaşlyk etmeginiň çäklerinde işlenip taýýarlanan “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça milli maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylmagy muňa şaýatlyk edýär.
Türkmenistan öňden bäri BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk edip, halkara bileleşigine çaganyň irki ösüşine degişli meselelere diýseň netijeli çemeleşýändigini äşgär edýär. Şu meseläni çözmekde treningleriň we okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bular netijeli tejribe alşylmagyna we şu ugur boýunça täze ylmy işläp taýýarlamalaryň özleşdirilmegine ýardam berýär.
Gyzykly pikir alyşmagyň barşynda treninglere gatnaşyjylar çaganyň irki ösüşi boýnça BMG-niň Çagalar gaznasy bilen özara arkalaşykly hereket etmegiň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belläp, şu ugurda öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini aýtdylar.
Okuw-usuly maslahatlar şu ýylyň sentýabrynyň ahyryna çenli öz işini dowam eder.