Ï Serhet galasynyň täze binalar toplumy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Serhet galasynyň täze binalar toplumy

view-icon 555
Serhetçileriň gününe we şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreler bütin ýurdumyz boýunça giň gerim bilen geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Aşgabat serhet birikmesiniň serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bu şanly senä bagyşlanan dabaralaryň esasy wakalarynyň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde bina edilen nobatdaky täze desga milletiň Lideri tarapyndan ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, serhetçiler üçin has amatly durmuş şertlerini döretmek maksady bilen hem-de ata Watanyň parahatçylygy we asudalygy, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmek maksady durmuşa geçirilýän çäreleriň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň döredijilik toparynyň aýdymçylarynyň gatnaşmagynda guralan konsert dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde Watana bolan belent söýgini wasp edýän we milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur hoşallyk duýgularyny beýan edýän aýdymlar ýaňlandy.

Soňra dabara gatnaşyjylar serhetçileriň üstünlikli gulluk etmegi, söweşjeň okuwlary, türgenleşikleri göwnejaý geçirmekleri, serhetçi esgerler we olaryň maşgala agzalary üçin mynasyp durmuş-ýaşaýyş şertleri döredilen serhet galasynyň täze binalar toplumy bilen tanyşdylar. Serhet galasynyň çäklerinde gulluk jaýlaryndan başga-da ýaşaýyş-durmuş maksatly we sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen desgalar bar. Ýaşaýyş jaýlaryndaky öýler häzirki zaman mebelleri we döwrebap durmuş tehnikasy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Çagalar üçin abadanlaşdyrylan oýun meýdançasy hem gurnalypdyr.

Bu ýerde serkerdeleriň we esgerleriň gullukdan boş wagtlary öz bilim derejesini artdyrmaklary üçin baý gaznasy bolan kitaphana, dabaraly çäreler üçin otaglar, zerur bolan enjamlar bilen abzallaşdyrylan sport zaly, şeýle hem lukmançylyk otagy we naharhana bar.

Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, özleriniň hormatly esgerlik borçlaryny Watanymyzyň mukaddes araçäklerini gaýduzsyz goramak bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Serhetçileriň gününe we Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň merkezi edarasynyň jaýynda geçirilen dabaraly ýygnak bilen dowam etdirildi. Onda has tapawutlanan harby gullukçylara hormat hatlary we nyşanlar, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler.

Serhetçileriň gününe bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda giň gerim bilen geçirildi.

Şol gün agşam türkmen topragynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna, şeýle hem garaşsyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna sadakalar berildi.