Ï Ilat ýazuwyny geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ilat ýazuwyny geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 488
Şu gün Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda 2012-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek boýunça Döwlet toparynyň nobatdaky dördünji mejlisi geçirildi. Oňa dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji iýunynda kabul eden “2012-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek hakyndaky” kararyna laýyklykda 2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabrynda geçiriljek bu çäre ýurdumyz garaşsyzlygyny alanyndan soň ikinji gezek geçirilýär. Birinji gezek Türkmenistanda ilat ýazuwy 1995-nji ýylda geçirilipdi.

Mejlisde 2012-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça alnyp barlan işler, şeýle hem bu mesele boýunça ilat arasynda habar beriş-düşündiriş işleri hakynda hasabat diňlenildi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm ähmiýetli çäräni geçirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bilelikde işjeň hereket etmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmegi ýokary derejede guramakda öňdebaryjy maglumatlar-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň, şeýle hem iň gowy halkara tejribesiniň öwrenilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Mejlisde bellenilişi ýaly, ilat ýazuwynyň geçirilmegi ilatyň demografiýa düzümi barada anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin meýilnamalary düzülende uly ähmiýete eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşyň ähli ugurlarynda geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagy hem-de halkyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş goraglylygyny, iş bilen üpjünçiligini üpjüni etmek boýunça milletiň Lideriniň öňde goýan wezipelerini yzygiderli durmuşa geçirmekde bar bolan zähmet, işgärler we intellektual mümkinçilikleri netijeli herekete girizmäge ýardam eder.

Öňde boljak bu iri möçberli çäre “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary özüniň baş ýörelgesi edinen milletiň Lideriniň durmuş ugruna gönükdirilen ynsanperwer syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň ýene bir subutnamasy bolar.

Mejlisde geçen döwürde ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilen işler baradaky hasabatlar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we onuň garamagyndaky düzümleriň statistika maglumatlaryny ýygnamak we resmi hasabatlary düzmek, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwletimiz üçin örän möhüm bolan bu işi ýokary derejede guramak boýunça 2012-nji ýylyň awgust-dekabr aýlarynda ýerine ýetirilmegi bellenilen ilkinji nobatdaky meýilnamalary hakyndaky hasabatlary diňlenildi.