Şu ýyl Oraza baýramynyň 19-njy awgusta – dynç günine gabat gelýändigi sebäpli (onuň senesi her ýylda Döwlet Baştutanynyň Permany bilen kesgitlenilýär), şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda dynç güni 2012-nji ýylyň 20-nji awgustyna geçirilýär. Şeýlelik-de, türkmenistanlylar dynjy bir gün köp alarlar. Bar bolan milli kanuna laýyklykda baýramçylyk günleri gabat gelýän dynç günlerini saklamak we beýleki güne geçirmek tejribesi dünýä tejribelerine laýyk gelýär, zähmetkeşleriň bähbitlerini goraýar.
Geňeş agzalarynyň, şeýle hem käbir okruglar boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçirilmegini 19-njy awgustda bellenilendigini nazarda tutup, milli parlamentiň karary bilen saýlawlar hem 20-nji awgusta geçirildi. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň däp-dessurlaryna hormat goýulýandygy, ses bermekligi geçirmek üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenilýär.
20nji awgustada ýurduň iki milliondan gowrak raýatlary Geňeşleriň agzalaryny we Ahal welaýatynyň 26-njy saýlaw okrugy boýunça, Mary welaýatynyň 99-njy saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny saýlamak boýunça geçiriljek saýlawlara gatnaşmak üçin saýlaw uçastoklaryna gelerler. Eýýäm 9-njy awgustdan başlap, wagtyndan öň ses bermeklige badalga berildi.
Geňeşler – ýerlerde halk häkimiýetiniň wekilçilikli saýlaw guramasydyr. Obany we şäherçäni ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryny düzmekde we amala aşyrmakda ýerli şertleri we halkyň erk -islegini doly hasaba almak wezipesi, tebigy serişdeleri ýerlikli peýdalanmak we daşky gurşäwy goramak boýunça çäreler, olaryň ygtyýarlyklaryna degişli bolan beýleki meseleleri çözmek wezipesi Geňeşlikleriň boýnuna ýüklenendir.
Öňde duran saýlawlarda ses bermeklik Geňeşleriň agzalarynyň 6100 mandatynyň eýelerini, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň – milli parlamentiň deputatlarynyň iki mandatynyň eýelerini kesgitlär.