Türkmen halky Oraza aýynyň tamamlanmagy mynasybetli mukaddes baýramy belledi
Dünýä ýurtlarynyň musulmanlarynyň aýratyn gadyr goýýan Oraza baýramy biziň ýurdumyzda hem tämiz ruhuň belent owazy we jemgyýet üçin wajyp ähmiýeti bolan beýik mukaddeslik hökmünde bellenýär.
Oraza baýramy tämiz ruhuň dabaralanmasynyň, ýagşy işleriň we asylly meýilleriň baýramçylygy bolmak bilen, aň-paýhasyň we kalbyň sazlaşygynyň ýeten derejesini, adamzadyň ruhy hem-de ahlak taýdan kämillige bolan meýilleriniň gadymy ruhy däplere we dessurlara laýyklykda berjaý edilmegini we bir aýa çeken mukaddes dessuryň tamamlanandygyny alamatlandyrýar.
Müňýyllyklaryň dowamynda ynsan özüne düşünmek maksady bilen, ruhy ösüşiniň ýoluny agtarypdyr. Oraza aýy şol gözlegleriň baş nyşanlarynyň biridir. Onuň baýramçylygy bolsa ruhy gymmatlyklaryň dabaralanmagyny äşgär edýär. Hut şol gymmatlyklar hem ynsanyň ruhy taýdan baý bolmagyny, durmuşa okgunly hem-de asylly häsiýetleriň jemlenmegini, adamyň özüne bolan ynamyny şertlendirýär we diňe bir pelsepewi dünýägaraýşy däl, eýsem, ynsanyň işjeň häsiýetini kemala getirýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzyň oňyn özgertmeleriň we aýgytly hereketleriň ýoluna ynamly gadam goýýan pursadynda ildeşlerimiziň her birine beýik maksatlara ýetmekde örän uly jogapkärçilik düşýär we her bir adam jemgyýetiň öňünde ruhy hem-de ahlak taýdan jogapkärçiligi kabul etmek arkaly özüniň umumy işe dahyllydygyna aýdyň göz ýetirýär. Hallalyk, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, adalatlylyk duýgulary ruhy taýdan sagdyn ynsanyň esasy häsiýetleridir. Maksada okgunly, işjeň adamlar öz güýç-kuwwatyny halka, Watana hyzmat etmäge bagyşlaýar we ýaşaýan hem-de ruhy taýdan ösýän sagdyn jemgyýetinde asylly däp-dessurlara, taryha we mirasa hormat goýmak arkaly oňyn ýagdaýy kemala getirýär.
Döwlet Baştutanymyz biziň jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde raýat jogapkärçiligine we watansöýüjilige aýratyn ornuň degişlidigini belleýär. Munuň şeýledigine biziň hemmämiz şaýatdyrys.
Hut şonuň üçinem biziň üçin pederlerimiziň paýhasyna, ynsanyň hoşniýetli erkiniň we ruhy güýjüniň esasyny düzýän Oraza aýynyň köp asyrlyk dessurlaryna bolan hormatyňyz has-da derwaýysdyr. Ruhuň we bedeniň sazlaşygyny emele getirýän Oraza şahsyýetiň hem-de jemgyýetiň bitewüligini alamatlandyrýar. Munuň özi diňe bir hakyky we ebedi gymmatlyklar bolan pederlerimiziň paýhasly ruhy wesýetlerine aň ýetirmäge mümkinçilik bermän, eýsem, olaryň durmuşa geçirilmegini şertlendirýär. Mukaddes Oraza aýynyň has-da sarpaly saýylýan Gadyr gijesinde Türkmenistanda asylly däbe görä, her ýylda jenaýat edip, azatlykdan mahrum edilen, ýöne ýüregi bilen ökünen raýatlaryň günäsi geçilýär.
Şu ýyl hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda milli ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we adalatlylyk däpleriniň ruhunda günäsi geçilen raýatlar öz maşgalalaryna gowuşdy. Olar mukaddes Gadyr gijesinde öz ýakynlary hem-de garyndaşlary bilen bilelikde ýurt boýunça durmuşa geçirilýän asylly çärä hoşallyklaryny mälim edip, täze durmuşa gadam goýýarlar. Şeýlelikde, ähli günäleriň bagyşlanylýan gijesi olar üçin çuňňur ynamyň we umytlaryň başlangyçlaryny alamatlandyrýar.
Şeýle hem şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen ýekşenbe gününiň Oraza baýramyna gabat gelendigi sebäpli, dynç güni 20-nji awgusta geçirildi.
19-njy awgustda biziň ilimiz uly hem-de agzybir maşgala bolup, däp boýunça ähli metjitlerde Baýram namazy bilen başlanýan Oraza baýramyny giňden belledi. Ähli ýerde sadakalar berildi we Oraza aýynyň tamamlanandygyny aňladýan asylly dessurlar ýerine ýetirildi.
Bu baýram gününde goňşulara aýlanmak hem-de öz öýüňde myhman kabul edip, nygmatly tagamlardan hödür etmek, birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýtmak, türkmen ilinde köp asyrlardan bäri dowam edip gelýän nurana ýörelgedir. Ýöne Orazanyň esasy dabarasy Allanyň nuruna, birek-birege bolan hormata hem-de agzybirlige beslenen kalplarda bolup geçýär. Çünki hoşniýetlilik, ynam we ýagşy işleri bitirmek baradaky meýiller türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň esasyny emele getirýän häsiýetlerdir. Bu bolsa berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.