Ï Türkmenistanda Geňeşleriň agzalarynyň we iki saýlaw okruglary boýunça milli parlamentiň deputatlarynyň saýlawlary boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Geňeşleriň agzalarynyň we iki saýlaw okruglary boýunça milli parlamentiň deputatlarynyň saýlawlary boldy

view-icon 512
Şu gün ýurduyzyň ähli künjeklerinde giň bäsdeşlik esasynda Geňeşleriň agzalarynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 26-njy we Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 99-njy saýlaw okruglary boýunça çykyp giden deputatlaryň ornuna täze parlamentarileriň saýlawlary geçirildi. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäre hereket edýän saýlaw kanunçylygy we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýörite Kararlary esasynda guraldy.

Mälim bolşy ýaly, bu syýasy çärelere örän uly taýýarlyk işleri geçirildi. Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 12 müň 309-sy bellige alyndy. Olar ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary we birleşmeleri, şeýle hem raýat toparlary tarapyndan hödürlendi. Etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň çäklerinde 6100 saýlaw okruglary 1779 saýlaw uçastoklary döredildi.

Ýerlerde guramaçylyk işleriniň göwnejaý guralmagy netijesinde dalaşgärleri hödürlemek işi ilatyň ýokary raýat işjeňligi ýagdaýynda geçdi. Ähli saýlaw okruglarynda bir dalaşgäriň ornuna birnäçe adam hödürlendi. Bu bolsa saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçirilendigini aňladýar. Etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň çägindäki halk häkimiýetliliginiň wekilçilikli guramasy bolup durýan Geňeşleriň agzalygyna, şeýle hem milli parlamentde öz saýlawçylarynyň bähbitlerini goramaga iň mynasyp we uly hormatdan, ynamdan peýdalanýan adamlar hukuk gazanyp bilerler. Dalaşgärleriň hatarynda oba zähmetkeşleriniň, döwlet edaralarynyň wekilleriniň, dürli pudaklaryň hünärmenleriniň, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, birleşmeleriň wekilleriniň bolmagy bu çärä taýýarlyk işleriniň giň gerimde alnyp barlandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň hemmesi ses bermek üçin ýörite bellenilen wagtda açyldy. Olardan Ahal welaýatynda 359-sy, Balkan welaýatynda 151-si, Daşoguz welaýatynda 399-sy, Lebap welaýatynda 404-si we Mary welaýatynda 466-sy hereket edýär. Saýlaw okruglarynyň toparlary tarapyndan Geňeşleriň agzalygyna saýlawlarda ses bermäge hukugy bolan saýlawçylaryň 2 million 185 müň 502-si bellige alyndy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 26-njy saýlaw okrugy hem-de Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 99-njy saýlaw okrugy boýunça saýlawçylaryň 43 müň 859-sy bellige alyndy.

Ähli saýlaw uçastoklaryna gatnaşan milli synçylar saýlawlaryň geçişine doly gözegçilik etdiler. Olaryň baha bermeklerine görä, Geňeşleriň agzalygyna we milli parlamentiň deputatlygyna ýokarda görkezilen saýlaw okruglary boýunça saýlawlar bäsdeşlik hem-de aç-açan ýagdaýda, şeýle hem ýurtda hereket edýän kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirildi. Gunuň birinji ýarymy has-da işjeň ýagdaýda geçdi. Şeýlelikde, saýlawlar gününiň birinji ýarymynda saýlawçylaryň 50 göterimden gowragy özleriniň konstitusion hukuklaryny amala aşyrdylar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, sagat 19-a çenli Geňeşleriň agzalygyna saýlawlara saýlawçylaryň 89,91 göterimi, Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara bolsa 90,01 göterimi gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda. Geňeşleriň agzalygyna we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna iki saýlaw okrugy boýunça saýlawlar geçirildi diýip bellemek bolar. Ses bermeleriň netijeleri milli kanunçylygyň düzgünlerine laýyklykda ýakyn wagtda aýan ediler.

Ýerlerde sesleri sanamak işleri dowam edýär. Ýöne agzybir türkmen halky halk häkimiýetliliginiň asylly däpleri esasynda nobatdaky gezek bu çärä işjeň gatnaşdy diýip ynamly aýtsa bolar. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ynamly gadam urýan häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň esasyny düzýändigini alamatlandyrýar.