Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň I dörediji gurultaýy geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürler merkezinde geçirilen gurultaýa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisi partiýanyň dörediji gurultaýyny guramak we geçirmek baradaky komitetiň agzalary açdylar. Guramaçylyk komitetiniň agzasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew ýygnananlara giriş sözi bilen ýüzlenip, olary ýurdumyz üçin taryhy waka-täze partiýanyň döredilmegi bilen gutlady. Munuň özi şu ýylyň başynda Türkmenistanyň “Syýasy partiýalar hakyndaky” Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde mümkin boldy.
Mejlisiň başynda gurultaýyň ýolbaşçy düzümi, onuň Sekretariaty we sesleri sanaýyş toparynyň agzalary saýlanyldy.
Soňra gurultaýyň gün tertibi tassyklanyldy, oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyny döretmek hakyndaky, partiýanyň Tertipnamasyny hem-de Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky, partiýanyň Merkezi Geňeşiniň agzalaryny, Merkezi Geňeşiň Başlygyny we başlygyň orunbasaryny, şeýle hem gözegçilik-derňew toparyny saýlamak baradaky meseleler girizildi.
Gurultaýda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýatlardaky we Aşgabatdaky bölümlerine wekilçilik edýän telekeçiler çykyş etdiler. Soňra bolan ara alyp maslahatlaşmalaryň we ses berişligiň barşynda täze partiýany-Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyny döretmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi, şeýle hem onuň Tertipnamasy we Maksatnamasy tassyklanyldy.
Şeýle hem bu partiýanyň Merkezi Geňeşiniň agzalary we Merkezi Geňeşiň başlygy saýlanyldy. Bäsleşik esasynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Merkezi Geňeşiň başlyklygyna Orazmämmet Mämmedow saýlanyldy.
Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň dörediji gurultaýyna gatnaşyjylaryň adyndan türkmen halkyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.
Täze partiýanyň döredilmegi mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine we häzirki wagtda türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.