Ï MTS öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny gaýtadan dikeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

MTS öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny gaýtadan dikeldýär

view-icon 459
MTS kompaniýasy 2012-nji ýylyň 30-njy awgustynda öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny gaýtadan dikelder

„MTS-Türkmenistan“ hojalyk jemgyýeti müşderiler bilen öň baglaşylan şertnamalary boýunça öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny edip başlaýandygyny yglan etdi. Müşderiler öz sim-kartlaryny şu ýylyň 30-njy awgustyndan 30-njy sentýabry aralygynda herekete girizip bilerler.

Şeýle hem MTS kompaniýasy indiki aýyň dowamynda – „MTS ulgamynyň içinden çykýan jaňlar boýunça her günde ýeňillikli 30 minut“ atly sowgadyny peýdalanmagy teklip edýär.

Täze müşderileri ulgama birleşdiriş işleri 30-njy sentýabrdan soň amala aşyrylar. Habar berilşi ýaly, halkara jaňlaryna we rouming hyzmatlaryna bahalar ep-esli peseldiler, 1-nji oktýabrdan bolsa, müşderilere täze nyrh teklipleri hüdürleniler.