Şu gün bagtyýar körpeler üsin öz gapylaryny giňden açan 160 orunlyk häzirki zaman çagalar bagynyň täze 2 gatly binasy Serdarabat etrabynyň “Guşçular” geňeşliginiň Guşçular şäherçesiniň binagärlik bezegine aýratyn öwüşgin çaýdy.
Bu möhüm durmuş ähmiýetli desganyň açylmagy bilen çagalary we oba ýaşaýjylaryny gutlamak üçin welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular geldiler. Täze mekdep ýaşyna çenli edaranyň açylyş dabarasynda aýdym-sazlaryň owazlary belentden ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.
Dabaranyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän nesil barada edýän atalyk aladasy netijesinde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman çagalar baglary we mekdepler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda çagalara bilim we terbiýe bermek üçin döredilen ajaýyp şertler halkara ülňülerine laýyk gelýär. Mysal üçin, diňe şu ýylyň dowamynda welaýatda şeýle mekdep ýaşyna çenli edaralaryň 10-sy açyldy, häzirki wagtda çagalar baglarynyň onlarçasy gurulýar, şolaryň biri hem şu gün öz gapylaryny körpeler üçin giňden açdy.
Täze çagalar bagyny şeýle desgalary gurmakda uly tejribesi bolan “Guwanç” hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurdular. Geçen ýyl bu kärhananyň gurluşykçylary Türkmenabat şäherinde 160 orunlyk çagalar bagyny we her biri 365 orunlyk sport mekdepleriniň ikisini ulanmaga berdiler. Şu gezekki desganyň açylyş dabarasynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Täze çagalar bagynda körpeler üçin iň oňaýly şertler döredildi. Amatly hem-de ýokary hilli mebeller bilen üpjün edilen giň we ýagty ýatakhanalar, oýunlar üçin niýetlenen otaglar, kompýuter we lingafon otaglary çagalaryň ygtyýaryndadyr. Körpeler binanyň birinji gatynda ýerleşýän suwa düşülýän howuzda suwda ýüzmegi öwrenerler. Binada şeýle hem sport we aýdym-saz zallary, lukmançylyk otaglary, iýmit bölümi ýerleşýär. Çagalar şäherjiginiň abadanlaşdyrylan çäginde köp sanly oýun meýdançalary döredilipdir.
Ýakyn günlerde ýurdumyzyň gündogar welaýatynda häzirki zaman çagalar baglarynyň ýene-de ikisi -- Galkynyş etrabynyň Goýnuk obasynda 250 orunlyk we Beýik Türkmenbaşy etrabynyň Surhy obasynda 160 orunlyk çagalar baglary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler.
Şanly waka mynasybetli dabara tamamlanandan soň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.