Şu gün Galkynyş etrabynyň “Goýnuk” geňeşliginiň Goýnuk obasynda täze çagalar bagyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Baýramçylyk görnüşinde bezelen çagalar şäherjiginiň açylyşy özboluşly baýramçylyk dabarasyna öwrüldi. Bu ýerde köp sanly oba ýaşaýjylary ýygnandy, çagalaryň ýerine ýetirmeginde goşgular we aýdymlar ýaýlandy, döredijilik toparlary gyzykly konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Onda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň amala aşyrýan beýik işleri wasp edildi.
“Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 16-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň işgärleri tarapyndan gurlan iki gatly çagalar toplumy özara birikdirilen üç sany binadan ybaratdyr. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynda 12 toparda körpeleriň 250-si terbiýeleniler. Her toparda ýumşak mebeller goýlan ýatylýan, çagalaryň aň-düşünjesini ösdürýän oýunlary oýnamak üçin dürli oýnawaçlar bilen üpjün edilen otaglar, naharhana körpeleriň ygtyýarynda bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan bilim özgertmeleriniň möhum ugurlarynyň biri bolan bilim-terbiýeçilik işiniň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde terbiýelenjek çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin oňat binýat bolup hyzmat eder. Şeýle hem bu ýerde kompýuterleşdirilen lingafon otaglary, aýdym-saz we sport bilen meşgullanmak üçin ýörite zallar, ýapyk howuz lukmançylyk otagy bar. Çagalar binasy özbaşdak suw, gaz, ýyladyş ulgamy bilen üpjün edilendir. Çagalar bagynyň çäginde oýun oýnamak üçin ýörite meýdançalar gurnalyp, hiňňillikler, halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri oturdylypdyr.
Welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn, sazlaşykly bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Milletiň Lideriniň ýadawsyz aladalary bilen şunuň ýaly häzirki zaman çagalar baglarynyň we mekdepleriniň yzygiderli açylmagy biziň döwrümiziň aýdyň alamatlarydyr.
Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanyna parasatly we öňdengörüjilikli, durmuş ugruna gönükdirilen hem-de türkmenistanlylaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda okgunly ösüşi üpjün edýän syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Dabaranyň dowamynda iň oňat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Täze çagalar bagynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.