Şu gün Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynda geçirilen duşuşyga Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda Toparyň işiniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenip geçilişi ýaly, geçen döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän, türkmen jemgyýetiniň demokratiki ýörelgelerini mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpäün etmegi maksat edinýän uly möçberli hukuk özgertmeleriniň çäklerinde ileri tutulýan wezipeleri çözmek boýunça çäreleriň toplumy amala aşyryldy. Bu Pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň biri milli kanunçylyga adam hukuklary babatynda seljerme geçirmek we adam hukugy baradaky halkara kadalary milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça teklipler taýýarlamakdan ybaratdyr.
“Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça “2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň” we “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Baş maksatnamasynyň” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite kararlary bilen tassyklanylan iş ýüzünde durmuşa geçirilişi baradaky meseleler hem gün tertibine girizildi. Nygtalyp geçilişi ýaly, bu ugurda ýurdumyzyň degişli ministrlikleri hem-de pudak edaralary tarapyndan halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde ýöredilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny nazara almak bilen taýýarlanylan bu möhüm resminamalaryň kabul edilmegi Türkmen döwletiniň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýaş nesliň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, hukuklaryny we bähbitlerini goramak, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlary döwrebap terbiýelemek bu maksatnamalaryň özenini düzýär. Bu möhüm resminamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gürrüňsiz suratda beden taýdan sagdyn, ruhy we intellektual taýdan ösen ýaş nesli kemala getirmäge, maşgala institutyny berkitmäge, şeýle hem biziň ýurdumyzda adyl kazyýetlik ulgamyny kämilleşdirmäge ýardam eder.
Mejlisiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu düzümiň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça mundan beýläkki çäreler hem kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, adam hukuklaryny goramak babatda iň oňat dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, halkara bilermenleriniň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda maslahatlaryň, iş duşuşyklarynyň, geňeşmeleriň tapgyrynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenip geçildi.