Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başany başlan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Watanymyzyň ähli welaýatlarynda gurulýan dürli maksatly täze desgalaryň täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda açylmagy berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň alamatyna öwrüldi. Şu gün ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli täze mekdepleriň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň durmuş ugruna gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Ösüp gelýän nesil baradaky alada şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şol dabaralara gatnaşyjylar – welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar bular barada aýdyp, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde gurlan täze mekdepler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Täze bilim ojaklarynyň eýeleri bolan çagalar bu ýere gelen myhmanlary şatlyk-şagalaň bilen garşyladylar. Baýramçylyk lybasyna beslenen mekdepleriň öňünde aýdym-saz we tans toparlary çykyş etdiler. Täze mekdepleriň açylyş dabarasynyň barşynda birinji synp okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan şahsy kompýuterler –netbuklar, has tapawutlanan gurluşykçylara bolsa gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Sadulla Rozmetow adyndaky geňeşliginde bolan dabara 640 orunlyk täze mekdebi ulanmaga bermäge bagyşlandy.
Iki gatly binalaryň birnäçesinden ybarat bolan bu mekdep Türkmenistanyň gurluşyk ministrliginiň 2-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Welaýatyň şeýle täze desgalarynyň ählisinde bolşy ýaly, bu oba mekdebinde hem ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn bilim almagy we terbiýelenmegi üçin ähli şertler döredilipdir.
Özüniň taslamasy boýunça bu bilim ojagy şäherlerde gurlan mekdeplere laýyk gelýär. Häzirki zaman mekdep mebeli, okuw gollanmalary we tehniki esbaplar bilen üpjün edilen giň hem-de ýagty synp otaglaryndan we laboratoriýalardan başga-da, täze umumybilim berýän okuw mekdebinde zähmet sapagy üçin niýetlenen otag, sport, gimnastika we mejlisler zaly, naharhana, kitaphana beýleki zerur bolan okuw we kömekçi jaýlar bar.
Synp otaglarynda ýerleşdirilen iň häzirki zaman kompýuter tehnikalary, şol sanda interaktiw tagtalar oba okuwçylarynda uly gyzyklanma döredýär. Olaryň kömegi bilen dürli mekdep sapaklaryny özleşdirip bolýar.
Mekdebiň abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga öwrülen howlusynda açyk görnüşindäki sport toplumy guruldy, şol ýerde futbol, tennis, basketbol we woleýbol bilen meşgullanyp bolýar, şeýle hem bedenterbiýe sapaklaryny geçirmek üçin ajaýyp şertler döredildi.
Daşoguz welaýatynda, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky etrapda soňky ýyllarda şeýle täze mekdepleriň ençemesiniň ulanmaga berlendigini bellemelidiris.
Şu gün Akdepe etrabynyň Nowruz geňeşliginde bolan dabara hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ýerde “Agzybirlik” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen täze umumybilim berýän mekdep öz gapylaryny giňden açdy.
Öz aralarynda baglaşdyrylan iki gatly binalaryň üçüsinden ybarat bolan bu täze desgada okatmagyň häzirki zaman multimediýa ulgamy göz öňünde tutulan giň we ýagty synp otaglaryndan başga-da, mejlisler we sport zallary, zähmet sapagy üçin niýetlenen otag, lingafon otagy, laboratoriýa, kitaphana, açyk sport meýdançasy, beýleki zerur bolan okuw we kömekçi jaýlar bar.
Okuw binalarynyň ýöriteleşdirilen otaglarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek, informatika, fizika, himiýa, biologiýa, geografiýa we beýleki mekdep derslerini özleşdirmek üçin multimediýa enjamlary ornaşdyryldy. Lingafon we ders otaglary häzirki zaman laboratoriýa we kompýuter tehnikalary bilen üpjün edildi.
Sport we aýdym-saz zallary, aýratyn enjamlaşdyrylan synp otaglary – zähmet sapagyny geçmek üçin niýetlenen ussahanalar, gurnak işi üçin göz öňünde tutulan otaglar okuwy netijeli alyp barmaga, okuwçylaryň beden taýdan sazlaşykly ösmegine ýardam eder. Mekdep binasy aýratyn suw, energiýa, ýylylyk üpjünçiligi ulgamlary bilen üpjün edildi.
Täze bilim ojagyna ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi, şol ýerde futbol, woleýbol we basketbol meýdançalary, ýeňil atletika ýodajyklary bolan açyk sport şäherjigi ýerleşýär.
Dünýäniň şähergurluşyk ülňüleriniň ähli talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman mekdebiniň binasynda futzal, woleýbol, el pökgüsi, boks, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen, beýikligi 12 metre barabar bolan 6 sany sport zaly bar. Bu ýerde şeýle hem agyr atletika bilen meşgullanmak üçin trenažýor zaly, ýörite düşekleri bolan göreş zaly, şeýle hem küşt, şaşka we düzzüm milli oýny üçin niýetlenen otag ýerleşýär.
Mekdebiň golaýyndaky açyk ýerde futbol meýdançasy ýerleşýär, onuň töwereginde ylgaw ýobajyklary we bökmek üçin niýetlenen desgalar, şeýle hem iki sany tennis korty, woleýbol we basketbol meýdançalary gurlupdyr. Durmuş maksatly otaglar, lukmançylyk otagy hem körpe türgenleriň we tälimçileriň ygtyýarynda bolar. Içki otaglaryň ählisi howany bir durkunda saklaýyş ulgamlary bilen üpjün edilipdir.
Sport mekdebi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bolan binagärlik usulynda milli bezegleri, şeýle hem ekologiýa taýdan howpsuz gurluşyk we innowasion timarlaýyş materiallaryny hem-de tehnologiýalaryny ulanmak arkaly guruldy. Ajaýyp giň zallary bolan bu täze sport desgasynda ýaşlaryň ýokary netijeler sporty bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

* * *
Şu gün Daşoguz welaýatynyň oba ýerlerinde häzirki zaman umumybilim berýän mekdepleriň birbada ikisi öz gapylaryny giňden açdy.

Beýik Türkmenbaşy etrabynyň Burguçy geňeşliginiň Olamsurhy obasynyň okuwçylary täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün olar üçin 464 orunlyk täze häzirki zaman orta mekdebi dabaraly ýagdaýda öz gapylaryny giňden açdy. Bu mekdep “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 19-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan guruldy.
Okuw binalarynyň ýöriteleşdirilen otaglarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek, informatika, fizika, himiýa, biologiýa, geografiýa we beýleki mekdep derslerini özleşdirmek üçin multimediýa enjamlary ornaşdyryldy. Lingafon we ders otaglary häzirki zaman laboratoriýa we kompýuter tehnikalary bilen üpjün edildi.
Sport we aýdym-saz zallary, aýratyn enjamlaşdyrylan synp otaglary – zähmet sapagyny geçmek üçin niýetlenen ussahanalar, gurnak işi üçin göz öňünde tutulan otaglar okuwy netijeli alyp barmaga, okuwçylaryň beden taýdan sazlaşykly ösmegine ýardam eder. Mekdep binasy aýratyn suw, energiýa, ýylylyk üpjünçiligi ulgamlary bilen üpjün edildi.
Täze bilim ojagyna ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi, şol ýerde futbol, woleýbol we basketbol meýdançalary, ýeňil atletika ýodajyklary bolan açyk sport şäherjigi ýerleşýär.
* * *
Şu gün Ruhabat etrabynyň Gökje geňeşliginiň Gökje obasynda 350 orunlyk täze sport mekdebiniň dabaraly açylyşy boldy. Bu desga “Bereket” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.
Dünýäniň şähergurluşyk ülňüleriniň ähli talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman mekdebiniň binasynda futzal, woleýbol, el pökgüsi, boks, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen, beýikligi 12 metre barabar bolan 6 sany sport zaly bar. Bu ýerde şeýle hem agyr atletika bilen meşgullanmak üçin trenažýor zaly, ýörite düşekleri bolan göreş zaly, şeýle hem küşt, şaşka we düzzüm milli oýny üçin niýetlenen otag ýerleşýär.
Mekdebiň golaýyndaky açyk ýerde futbol meýdançasy ýerleşýär, onuň töwereginde ylgaw ýobajyklary we bökmek üçin niýetlenen desgalar, şeýle hem iki sany tennis korty, woleýbol we basketbol meýdançalary gurlupdyr. Durmuş maksatly otaglar, lukmançylyk otagy hem körpe türgenleriň we tälimçileriň ygtyýarynda bolar. Içki otaglaryň ählisi howany bir durkunda saklaýyş ulgamlary bilen üpjün edilipdir.
Sport mekdebi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bolan binagärlik usulynda milli bezegleri, şeýle hem ekologiýa taýdan howpsuz gurluşyk we innowasion timarlaýyş materiallaryny hem-de tehnologiýalaryny ulanmak arkaly guruldy. Ajaýyp giň zallary bolan bu täze sport desgasynda ýaşlaryň ýokary netijeler sporty bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
* * *
Täze mekdepleriň açylyş dabaralary tamamlanandan soň, öňümizdäki Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.