Şu gün Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Garagaç geňeşliginde ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalaryna saýlawlaryň çäklerinde gaýtadan ses bermek geçirildi.
Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzda şu ýylyň 20-nji awgustynda Geňeş agzalygyna geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça Balkan welaýatynyň saýlaw uçastoklarynyň biriniň çäginde dalaşgärleriň üçüsi hem sesleriň zerur bolan sanyny gazanyp bilmedi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakyndaky” Kanunynyň 51-nji maddasyna laýyklykda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Garagaç geňeşliginiň saýlaw topary okrugda saýlawçylaryň has köp sesine mynasyp bolan iki dalaşgär boýunça täzeden ses bermek baradaky çözgüdi kabul etdi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna laýyklykda, 2-nji saýlaw okrugy boýunça ses bermek açyklyk, aýanlyk we ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukuk kadalaryna laýyklykda örän guramaçylykly geçdi. Ses bermek işi ir sagat 7-de başlandy we oňa saýlawçylar işjeň gatnaşdylar. Saýlawyň gidişine bu ýerdäki saýlaw okrugynda bar bolan milli synçylar gözegçilik etdiler.
Gaýtadan ses bermegiň netijeleri ýakyn günlerde jemleniler we ol ýerli metbugatda çap ediler.