Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň ýaşlar guramalarynyň wekilleriniň 400-den gowragy gatnaşdy.
Gurultaýyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar gurultaýyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň medeniýeti, edebiýaty, sungaty, däp-dessurlarymyzy, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we sporty, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, beden taýdan berk, ruhy belent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatynda toplan baý tejribesiniň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiziň ýaşlara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Ýaşlar guramasynyň her bir agzasy jemgyetimiziň agzybirliginiň we bitewüliginiň pugtalandyrylmagyna işjeň gatnaşmalydyr we özüniň yhlasly zähmeti bilen ýokary görkezijileri, ajaýyp üstünlikli gazanmalydyr, şeýle hem Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmak ugrundaky beýik maksatlaryň durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine tagallasyny gönükdirmelidir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurduň iri jemgyýetçilik guramasy bolmak bilen, düzüminde watan söýüji ýaşlaryň müňlerçesini jemläp, döwletimiziň hem-de ýaşlaryň bähbidini goramak ugrunda çykyş etmelidir. Guramanyň esasy wezipesi demokratik ýörelgelere ygrarly bolan döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşine goldaw bermekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we onuň öňünde goýlan wezipeleri çözmek babatda şu gezekki gurultaýda giňden gürrüň edildi. Şeýle hem gurultaýyň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri, guramanyň Düzgünnamasyna girizilen üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary ara alyp maslahatlaşmak, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň täze nyşanynyň taslamasyny tassyklamak, merkezi derňew toparlarynyň düzümini täzeden saýlamak meseleleri girizildi.
Gurulaýa gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ýaşlar hakynda edilýän aladanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler. Milli Liderimiziň aýratyn ähmiýet bermegi netijesinde ýurtda ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi, olaryň köptaraplaýyn bilim almaklary, çeper döredijilik zähmetiniň rowaç almagy, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy we amatly ýaşaýyş jaýlar bilen üpjün edilmegi babatda ähli zerur şertler döredilýär. Şeýlelikde, ýaş nesilleriň mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgusy barha pugtalanýar.
Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň täze görnüşleri we usullary, onuň döwlet Baştutanymyzyň türkmen jemgyýetiniň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilen ägirt uly özgertmeleri jähedinde öňde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmeleriň ähmiýetini ýokarlandyrmak barada aýdyldy. Gurultaýa gatnaşyjylar ýaşlaryň öz bilimlerini yzygiderli artdyrmak, ýokary bilim almak meselelerine ünsi çekdiler we munuň özi jemgyýetiň ösüşiniň esasy ugry we halkyň ykbalyny hem-de geljegini kesgitleýän möhüm şertidir diýip bellediler. Häzirki eýýam ylmy-tehniki ösüşiň belentlige galan döwrüdir we ol bilim derejeleriniň, tehnologiýalaryň, ylmyň we döredijilik mümkinçilikleriniň ösüşini şertlendirýär. Hut şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna, ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, işiň öňdebaryjy tejribelerini ulanmak arkaly ýurtda döwrebap okuw jaýlarynyň giň tapgyrynyň döredilmegine, ýagny tutuş bilim ulgamynyň innowasion ösüşine aýratyn ähmiýet berýär.
Döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi jähedinde täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sebitlerinde bilim ulgamynyň täze binalarynyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýediginiň, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň astynda durmuşa geçirilýän ähli pudaklardaky toplumlaýyn özgertmeleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdepderi açylýar. Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda multimediýa tehnologiýalary, häzirki zaman okuw-usuly gollanmalary bilen üpjün edilýän orta we ýöriteleşdirilen mekdepler yzygiderli gurulýar. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrlymagy, iň esasy bolsa döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşmaga ukyply döwrebap nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi milli bilim ulgamynyň ösüşiň täze innowasion ýoluna düşendiginden habar berýär.
Çykyşlaryň barşynda aň-bilim we hünär mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi. Häzrki döwürde biziň ýaşlarymyz, talyplar, ýaş hünärmenler, alymlar öz ylmy açyşlaryny önümçilige batyrgaý ornaşdyrýarlar.
Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmaga meýilli ýaşlar bilen netijeli işi alyp barmagyň zerurdygyny bellemek bilen, çykyş edenler munuň özi türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny şertlendirer diýip bellediler. Häzirki döwrüň ýaşlary durmuş-ykdysady ösüşleri, türkmen halkynyň beýik ruhy dessurlaryny dowam etdirijilerdir.
Parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistan adamy iň ýokary gymmatlyk diýip yglan etmek bilen, ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmagy baş maksat hasaplaýar diýip, ýurdumyzyň ýaşlar guramalarynyň öňdebaryjy wekilleri bellediler. Häzirki eýýam ýaşlaryň öňünde döredijilik taýdan özüňi görkezmäge we köp ugurly zehiniňi durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Milli Liderimiziň Ýaşlar guramasynyň, talyplaryň, döwlet ösüşiniň täze tapgyryndaky ähli ýaşlaryň öňünde goýan anyk wezipeleri gurultaýyň jemleýji resminamalarynda öz beýanyny tapdy we onda ýaşlar guramasynyň tagallalaryny bir ýere jemlemek boýunça esasy ugurlar kesgitlendi. Bilim, ýaşl nesilleriň, watan söýüjilik ruhda terbiýelenilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň giňden wagyz edilmegi häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir we ýaşlaryň arasynda bu ugra höwes edýänleriň sany barha artýar. Ýurdumyzyň ýaşlary, mähriban Watanymyza, halkymyza wepaly bolmak bilen, milli Liderimiziň özleri hakynda edýän aladasyna iş bilen jogap berýärler. Olar hyjuwly, maksada okgunly bolmak bilen garaşsyz bitarap türkmen döwletiniň bagtyýar geljegi ugrundaky beýik işleri mynasyp dowam ederler.
Şeýle hem şu günki gurultaýyň işiniň barşynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň saýlawlary geçirildi. Bu wezipä ozal şu guramanyň başlygynyň orunbasary bolup işlän O.Enermyradow biragyzdan saýlanyldy.
Gurultaýa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen Ýüzlenmesinde ýurdumyzyň ýaşlary hakynda edýän aladasy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, häzirki ýaş nesilleriň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň döredijilik gözleglerinden, netijeli çözgütlerden we täze çemeleşmelerden ybarat boljakdygyna ynandyrdylar. Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň işjeň agzalary, onuň welaýat, ertap we şäher guramalary özleriniň ähli güýjüni, bilimini, ukybyny we tejribesini mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirerler.