Ï “Deňziň türkmen kenar ýakasynda halkara forum badalga aldy”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Deňziň türkmen kenar ýakasynda halkara forum badalga aldy”

view-icon 523
Gojaman Hazaryň kenary ýene-de iri halkara çäräniň geçirilýän ýerine öwrüldi—şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza-- 2012” atly halkara serginiň, sungat festiwalynyň we ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda guralan giň möçberli forum ylym, medeniýet we sungat işgärlerini, syýahatçylyk ulgamynyň, şu ugurda hünärmenleri taýýarlamak işini amala aşyrýan okuw mekdepleriniň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň – deňiz şypahanasyny mundan beýläk-de gurmak baradaky taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýän maýadarlaryň wekillerini jemledi. Şeýle hem sungat festiwalyna dürli döwletlerden folklor—etnografiýa, aýdym-saz toparlary, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, suratkeşler, şahyrlar we kinorežissýorlar gatnaşdylar.

Halkara forumyň özüne “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň möhüm üç ugruny – ykdysadyýeti, syýahatçylygy we ruhy ulgamy birdeşdirmeginiň çuňňur manysy bardyr. Hut şu üç ugruň sazlaşygy döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli durmuş-ykdysady taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün etdi. Bäş ýyldan hem az wagtyň içinde Hazaryň türkmen kenarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, bu ýerde kaşaň myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, interaktiw suw çüwdürimli ajaýyp seýilgäh peýda boldy, täsin köprüleri bolan derýa guruldy, köp sanly myhmanlar bolsa halkara derejeli häzirki zaman howa menziline gelýärler. Bu ýerde örän batyrgaý meýilnamalaryň durmuşa geçirilýändigini ynamly aýtmak bolar.

Häzirki wagtda Awaza dünýä derejesindäki şypahana toplumydyr, bu ýerde ýokary derejedäki duşuşyklar, iri ylmy we ykdysady forumlar, festiwallar we beýleki döredijilik çäreleri yzygiderli geçirilýär. Soňky ýyllarda gojaman Hazaryň kenarynda dürli halklaryň aýdymlary ýygy-ýygydan ýaňlanýar, bu ýerde dünýä estradasynyň parlak ýyldyzlary hem-de dünýäniň köp ýurtlaryndan gelen zehinli çagalar döredijilik gözden geçirilişiklerinde öz ussatlyklaryny we zehinini görkezdiler.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň okgunly ösdürilmegi Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň baş maksadynyň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Şol maksat bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar. Diňe şu ýylyň tomus möwsüminiň dowamynda bu ýerde türkmenistanlylaryň we biziň ýurdumyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi dynç aldy. Saglygyny berkitmek we oňat dynç almak üçin olara ähli şertler döredildi.

Awaza dostlugyň, güneşiň, jana şypaly suwly deňziň we zehin – döredijiligiň mekanydyr. Bu gün ol ýene-de köp sanly myhmanlary mähirli garşylap, olara ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşiň ýolunda gazanan ägirt uly üstünliklerini, onuň baý taryhyny we medeniýetini hem-de türkmen halkynyň häzirki wagtda aýawly saklanylýan özboluşly däp-dessurlaryny we urp-adatlaryny görkezýär.

Halkara forumyň açylyş dabarasy baýramçylyk lybasyna beslenen we dürli reňkli şarlar hem-de baýdajyklar bilen bezelen “Nebitçi” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada boldy. Dabara gatnaşyjylary tans toparlary garşyladylar, bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp halk aýdym-sazlary ýaňlandy.

Açylyş dabarasyna hökümetiň we milli parlamentiň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, welaýatyň we Türkmenbaşy şäheriniň häkimlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda iri çäreleriň, şol sanda döredijilik çäreleriniň geçirilmegi onuň syýahatçylyk kuwwatyny artdyrmaga, şypahana — kurort işi ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, syýahatçylyk ulgamynyň öňdebaryjy gazananlary babatda tejribe alyşmaga, köp sanly maýadarlary çekmäge ýardam eder diýlip bellenildi. Dabaraly çärä gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegine, onuň raýatlarynyň abadançylygynyň artmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam edýän daşary we içeri syýasaty üstünlikli amala aşyrýandygy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Soňra halkara foruma gatnaşyjylar we myhmanlar “Nebitçi” myhmanhanasynyň birinji we ikinji gatlarynyň foýelerinde ýerleşdirilen serginiň ekspozisiýalary bilen tanyşdylar. Onuň bölümleri "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny we geljegini beýan edýär. Sergä 47 sany kompaniýa, şol sanda dünýäniň 10 döwletinden gelen 13 sany daşary ýurt kompaniýasy, şeýle hem ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň, myhmanhana işewürliginiň wekilleri – döwlet we hususy syýahatçylyk kompaniýalary gatnaşýarlar. Bu ýerde ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn ministrlikleri we edaralary, şol sanda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy, Deňiz we derýa ulaglary döwlet komiteti, Döwlet balyk hojalygy komiteti we beýlekiler öz pawilonlaryny ýerleşdirdiler. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi özüniň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümlerini görkezýär.

Serginiň aýratyn bölümi türkmenleriň gadymy taryhyna, özboluşly sungatyna we medeni däp-dessurlaryna bagyşlanýar. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli sebitleriniň amaly-haşam sungatynyň eserleri, bütin dünýäde meşhurlyk gazanan türkmen halyçylarynyň we zergärleriniň önümleri, milli lybaslaryň nusgalary we täsin sowgatlyk önümler, ussat suratkeşleriň, meşhur heýkeltaraşlaryň işleri görkezilýär. Sagaldyş merkezleri, myhmanhanalar we syýahatçylyk bilen meşgullanýan edaralar tarapyndan goýlan eksponatlar bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şypahana — dynç alyş ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň gerimini açyp görkezýär. Häzirki wagtda olar sagaldyş we syýahatçylyk hyzmatlarynyň dürli ugurlarynda, şol sanda Türkmenistanyň taryhy we medeni binagärlik ýadygärliklerine, ýurdumyzyň tebigatynyň ajaýyp ýerlerine we beýlekilere gezelençleri guramakda üstünlikli işleýärler.

Sergi meýdançasynyň köp bölegi Awazanyň geljegini şöhlelendirýän giň möçberli makete berlipdir. Hut şol ýerde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny gurmak bilen baglanyşykly desgalaryň köp sanly taslamalary, şol sanda eýýäm amala aşyrylýan täsin desgalaryň taslamalary ýerleşdirilipdir.

Myhmanlaryň pawilonlary bolsa bu çäräniň halkara häsiýete eýedigini görkezýär. Olaryň eksponatlary dünýäniň dürli halklarynyň sungaty we medeni däp-dessurlary barada gürrüň berýär. Bu ýerde milli lybaslar, dürli görnüşli sowgatlyk önümler hödürlenilýär. Kipriň Halkara uniwersiteti, Russiýanyň Syýahatçylyk tehnologiýasy instituty syýahatçylyk ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak babatda öz mümkinçiliklerini görkezýärler.

Günüň ikinji ýarymynda “Arzuw” myhmanhanasynda “Awaza-2012” halkara ylmy maslahatyň resmi açylyşy boldy we onuň iki bölümi işläp başlady.

Awazanyň syýahatçylyk kuwwaty, halkara hyzmatdaşlygyň bu geljegi uly ulgamynda tejribe alyşmak dünýäniň dürli döwletleri we biziň ýurdumyzdan alymlary, ykdysadyýetiň we syýahatçylyk ulgamynyň wekillerini jemlän ylmy forumyň esasy mowzugy boldy.

Mälim bolşy ýaly, häzirki Türkmenistanyň daşary ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugry bolmak bilen, syýahatçylyk ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de medeniýet toplumlaryny ösdürmegiň meseleleri boýunça şu ýylyň 16-njy awgustynda geçiren iş maslahatynyň barşynda “Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini döretmek hakyndaky” Permana gol çekmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitet täze döredilen edaranyň düzümine özbaşdak müdirlik derejesinde girdi.

Milli Liderimiz täze edaranyň öňünde duran wezipeleri kesgitläp, halkara syýahatçylygy ösdürmek meselesine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy has-da kämilleşdirmegiň, bu ulgamda netijeli mahabatlandyrma işlerini yzygiderli alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Şu sergi hem bu wezipeleri çözmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Foruma gatnaşyjylar çykyş etmezden öň, dünýä ähmiýetli şypahana hökmünde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döreýşiniň tapgyrlaryna bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Ylmy maslahatyň umumy we bölümlerdäki mejlisleriniň barşynda çykyşlaryň, habarlaryň ençemesi diňlenildi. Olar foruma gatnaşyjylara dünýäniň dürli ýurtlarynda syýahatçylyk ulgamynyň ösüşiniň esasy ugurlary, syýahatçylygyň guralyşy bilen jikme-jik tanyşmaga mümkinçilik berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünligi we ýokary depgini "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişinde öz aýdyň beýanyny tapdy.

Şeýle hem syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň örän ähmiýetli ugry bolan myhmanhana işewürligini guramaga innowasiýalary ornaşdyrmagyň oňyn tejribesi baradaky çykyşlar hem diňlenildi. Aýry-aýry habarlar ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmegiň derwaýys meselelerine, ýurdumyzyň täsin tebigy desgalaryny UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça geçirilýän işlere bagyşlandy. Şol sanawa girizmäge hödürlenýän desgalaryň hatarynda Köýtendagyň ajaýyp ýerleri, goraghananyň tebigy ýadygärlikleri görkezildi.

Şol gün “Daýanç” myhmanhanasynda ýazyjylaryň we şahyrlaryň duşuşygy boldy. Olar häzirki döwürde milli we dünýä edebiýatynyň ösüşiniň aýratynlyklaryny we ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. “Nebitçi” myhmanhanasynda geçirilen suratkeşleriň duşuşugynyň barşynda bolsa şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň milli mekdeplerini ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Agşam deňziň kenaryndaky ajaýyp Awaza seýilgähiniň açyk sahna meýdançasynda halkara sungat festiwalynyň açylmagy mynasybetli dabara we festiwala gatnaşýan ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti boldy. Sahna meýdançasy baýramçylyk lybasyna beslenipdir, bu ýerde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary parlaýar. Bu syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp künjeginiň esasy gözellikleriniň biri bolan interaktiw suw çüwdürimi döredijilik agşamyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Awaza dünýäniň dürli ýurtlaryndan meşhur aýdym-saz we tans toparlary, ýerine ýetirijiler, şeýle hem sungat älemine ýaňy gadam basan ýerine ýetirijiler ýygnandylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Awaza—2012” atly halkara sergä, sungat festiwalyna we ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlagyny üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz olary forumyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, dünýä halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna uly goşant goşjak bu ähmiýetli çäräniň işine üstünlik arzuw etdi.

“Dünýä halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary üçin açyk bolan deňiz kenaryndaky ajaýyp mekanda ýokary amatlylyk, myhmansöýerlik we ruhubelentlik birleşip, bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Ol sazlaşyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň many-mazmunydyr” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmasy bilen garşylandy. Festiwalyň myhmanlarynyň arasynda ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Balkan welaýatynyň we Türkmenbaşy şäheriniň häkimlikleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, meşhur medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular, döredijilik ýaşlary, şeýle hem kenarýaka şäheriň köp sanly ýaşaýjylary we dynç alýanlar bar.

Gojaman Hazaryň kenaryndaky amfiteatrda geçirilen konsert Türkmenistan we onuň deňziň kenaryndaky merjeni bolan “Awaza” hakyndaky aýdym bilen başlandy. Bu gün Awaza parahatçylyk we dostluk ýörelgeleriniň hatyrasyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň sungat wekillerini birleşdirdi. Soňra gadymy türkmen topragynda ähli oňyn başlangyçlaryň we asylly işleriň başyny başlan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan “Sag bol, Arkadagymyz!” diýen aýdym ýaňlandy.

Konsert meýdançasynda meşhur aýdym-saz we tans toparlary, belli halk we häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler öz ussatlygyny görkezdiler. Milli lybaslaryň, halk saz gurallarynyň we aýdym-saz ugurlarynyň köp dürlüligi, foruma gatnaşyjylaryň ussatlygy deňziň kenarynda hakyky festiwala mahsus bolan baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisi döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýan gadymy “Küştdepdi” türkmen tansyny ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Bu joşgunly tansyň aýdymy üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerine ýetirildi. Aýdymçylaryň we döredijilik forumyna gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen “Ak ýol saňa, festiwal!” atly täze aýdym sungat festiwalynyň özboluşly senasyna öwrüldi.

Köp öwüşginli döredijilik baýramçylygyna köp sanly tomaşaçylar hem goşuldylar. Olar artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Köp sanly myhmanlar üçin “Awaza – 2012” halkara forumy Türkmenistan bilen, halkymyzyň gadymy medeniýeti, baý we özboluşly däp-dessurlary, urp-adatlary bilen ilkinji tanyşlyk boldy. Şoňa görä-de ony guraýjylar – Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy foruma gatnaşyjylaryň biziň ýurdumyzda geçiren her bir gününiň gyzykly çärelere baý bolmagy we olaryň hemişelik ýadynda galmagy üçin ähli tagallalary edýärler.

Forumyň öňüsyrasynda Aşgabatda bolnan mahalynda, bu çärä gatnaşyjylara türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmaga, türkmen halkynyň gadymy taryhy we medeniýeti barada gürrüň berýän iri muzeýlere baryp görmäge mümkinçilik döredildi. Şu gün forumyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy boýunça gezelenç hem-de Awaza derýasynda gezelenç guraldy.

Ertir “Awaza – 2012” halkara forumy öz işini dowam etdirer.