Ï «Awaza-2012» halkara forumynyň ikinji güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza-2012» halkara forumynyň ikinji güni

view-icon 458
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen deňiz şypahanasyny ösdürmegiň dürli meselelerine bagyşlanan «Awaza-2012» halkara forumy öz işini dowam etdirdi.

Forumyň ikinji gününde halkara sergisiniň çäklerinde dürli çäreler guraldy we ylmy maslahat öz işini dowam etdirdi, sungat festiwalyna gatnaşyjylaryň döredijilik duşuşyklary we çykyşlary boldy.


Biziň myhmanlarymyzyň hatarynda iri daşary ýurt gurluşyk kompaniýalarynyň, syýahatçylyk işewürliginiň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen döredijilik toparlary bar. Olaryň aýtmagyna görä, Awazada bolan mahaly özleri üçin täze we täsin açyşlary etdiler. Şol açyşlaryň esasysy hem Hazaryň türkmen kenaryny-türkmen tebigatynyň täsin künjegini hakyky syýahatçylyk merjenine öwürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň we haýran galdyryjy meýilnamalaryň gerimi bilen baglanyşyklydyr.


Häzirki wagtda Awazanyň oňaýly dynç alşyň we meşhur döredijilik bäsleşikleriniň merkezleri hökmünde belli bolan dünýäniň iri şypahanalary bilen deňeşdirilmegi tötänden däldir.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň depgini iň batyrgaý meýilnamalaryň we arzuwlaryň hasyl bolýandygyny iş ýüzünde görkezýär. Bu pikir halkara maslahatynyň bölümleriniň mejlisleriniň işiniň barşynda edilen çykyşlarda we habarlarda hem öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen dünýä derejesindäki deňiz şypahanasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we döredijilik syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň täze nyşanyna öwrüldi diýlip bellenildi.


Häzirki wagtda türkmen şypahanasynyň halkara meşhurlygynyň diňe bir amatly dynç almagyň mümkinçilikleri bilen düşündirilmeýändigi äşgärdir. «Awaza-2012» forumynyň döredijilik bölegi, daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň häzirki zaman sungatynyň dürli görnüşleriniň wekilleriniň bu ýerde geçirilýän döredijilik duşuşyklary hem muny tassyklaýar.

Forumyň ikinji güni agşam deňziň kenarynda geçirilen uly folklor baýramçylygy bilen tamamlandy. Bu ýerde gurlan türkmen ak öýleri myhmanlara diňe bir geçen asyrlardaky türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşmaga däl, eýsem, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň, medeniýetiniň we sungatynyň çuňlugyny, gözelligini we özboluşlylygyny duýmaga mümkinçilik berýär.


Ak öýleriň golaýynda suratkeşler öz ussatlyklaryny görkezdiler, tomaşaçylaryň gözüniň alnynda gojaman Hazaryň ajaýyp şekilleri peýda boldy. Foruma gatnaşyjylaryň döredijilik söhbetdeşlikleri hem örän tolgundyryjy boldy. Şu agşam şygyrlar ruhubelentlik bilen okaldy, dünýäniň dürli halklarynyň özboluşly öwüşginli kompozisiýalary görkezildi.

Owganystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Tailanddan, Gazagystandan, Başgyrgystandan, Koreýadan, Azerbaýjandan gelen myhmanlarymyz milli aýdymlary we tanslary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirip, köp sanly tomaşaçylara öz ussatlyklaryny we zehinini görkezdiler. Festiwalda hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Aýdym-sazyň dili bilen artistler tomaşaçylara özleriniň ýurtlary we halklary, däp-dessurlary barada gürrüň berdiler.


Folklor baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren türkmen «küşt depdi» tansy baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Deňziň kenarynda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp, uly hem ýagty dostluk toýunyň dabarasynyň dag aşýandygyny alamatlandyrdy.

Ertir Awazada halkara forumy öz işini tamamlar. Agşam dostlugyň we döredijiligiň ajaýyp baýramçylygy bolan sungat festiwalynyň jemleýji konserti bolar.