Şu gün paýtagtymyzda geçirilen “Türkmenistanly zenanlaryň hukuklary” atly okuw maslahaty ýurdumyzda geçirilýän häzirki zaman gender syýasatyna degişli kanunçylyk namalarynyň we düzgünleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna degişli meselelere bagyşlandy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan bu maslahata gatnaşmak üçin Zenanlar birleşiginiň welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki, şeýle hem paýtagtymyzdaky düzümleriniň ýüze golaý wekili ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň maslahatlar jaýynda ýygnandy. Okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk bölüminiň mugallymlary, lukmançylyk edaralarynyň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri çagyryldy.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyny ykrar etdi we BMG-niň zenanlary kemsitmegiň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak boýunça Konwensiýasyny tassyklady hem-de kabul eden halkara borçlaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Döwlet tarapyndan şu meselelere içgin üns berilýär, deňhukuklylyga we azatlyga mahsus ýörelge amala aşyrylýar, erkekler we zenanlar üçin deň mümkinçilikler döredilýär, munuň özi Türkmenistanyň Esasy Kanunynda-Konstitusiýasynda berkidildi hem-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, Maşgala kodeksinde, Durmuş üpjünçiligi baradaky kodeksde, beýleki kanunçylyk we kadalaşdyryjy namalarda öz beýanyny tapýar.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň umumy mejlisdäki çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli geçirilýän durmuş maksatly syýasaty bilen baglylykda zenanlaryň kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagynyň, döwlet tarapyndan ýeňillikleriň berilmeginiň, olaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleriň döredilmeginiň, zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşdaky ornunyň ýokarlandyrylmagynyň türkmen jemgyýetini yzygiderli ýagdaýda ösdürmekde wajyp ähmiýetli ýagdaýlar bolup durýandygy bellenildi.
Bölümler boýunça geçirilen mejlislerde şol meseleler has jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de reproduktiw hukuklar we olardan peýdalanmak, gender deňligiň, aýallaryň bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky orny, zenanlaryň telekeçiligi ýaly jähetler barada pikir alşyldy.
Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň ählisine ýerlerde mundan beýläk-de ilata hukuk boýunça düşündiriş bermek bilen bagly işleri alyp barmak üçin degişli edebiýat, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan taýýarlanan “Aýallaryň hukuklary boýunça Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň we halkara hukuk resminamalarynyň ýygyndysy” gowşuryldy. Ol Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeňleriniň düşündiriş-wagyz işlerinde gollanma bolup hyzmat eder.