Ï “Awaza-2012” atly halkara çäresi öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Awaza-2012” atly halkara çäresi öz işini tamamlady

view-icon 651
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza-2012” atly halkara çäresi öz işini tamamlady, şonuň çäklerinde sergi, ylmy maslahat we sungat festiwaly guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu uly möçberli çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde geçirildi.

Halkara forumy “Awaza” seýilgähindäki üsti açyk sahnaly meýdançada geçirilen uly gala-konsert bilen jemlendi.

Ozal habar berlişi ýaly, Awazadaky halkara serginiň, ylmy maslahatyň we sungat festiwalynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň Hazaryň türkmen kenarynda halkara derejeli we wajyp ähmiýetli şypahanany döretmek boýunça taslamanyň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýän syýahatçylyga we işewürlige degişli toparlarynyň, ylym we bilim, sungat we medeniýet ulgamlarynyň wekilleri duşuşdylar.

Forumyň maksatnamasyna türkmen tebigatynyň bu ajaýyp künjeginiň ykdysady, sagaldyş-şypahana we medeni mümkinçilikleriniň öwrenilmegine we dünýäde giňden wagyz edilmegine ýardam berýän dürli çäreler goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, özara peýdaly hyzmatdaşlyk boýunça döreýän giň mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de anyk teklipler we taslamalar hödürlenildi.

Sebiti ösdürmegiň dürli jähtlerine hem-de halkara derejeli şypahana hökmünde Awazanyň geljegine bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat bu uly möçberli çäräniň möhüm ähmiýetli bölegine öwrüldi. Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzyň syýahatçylyk boýunça mümkinçilikleri bilen tanyşdylar, syýahatçylygyň ösdürilmegi sebitiň we tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa edilmegine güýçli itergi bermelidir.

Döredijilik ruhy halkara serginiň täsirliligini artdyrýan başlangyja öwrüldi. Serginiň agramly böleginde türkmen sungatynyň ýörelgeleri we ony häzirki döwürde ösdürmegiň mümkinçilikleri barada düşünje berýän eksponatlar goýuldy. Olaryň arasynda täsin galdyrýan türkmen milli saz gurallary, türkmen zergärleriniň, ussat halyçy zenanlaryň, keramikaçylaryň, senetçileriň, şeýle hem suratkeşleriň eserleri bar. Düýn deňziň kenarynda guralan özboluşly türkmen obasynda bolup geçen uly folklor baýramçylygy hem myhmanlarymyzyň türkmen halkynyň gadymy we baý taryhy hem-de medeniýeti, özboluşly urp-adatlarymyz we däp-dessurlarymyz baradaky düşünjeleriniň giňelmegine ýardam berdi. Umuman alanyňda, munuň özi golaýda we uzakda ýerleşýän ýurtlardan has köp sanly syýahatçylaryň çekilmegine gönükdirildi.

Sungat festiwalynyň çäklerinde suratkeşleriň tälim berýän sapaklary, ýazyjylaryň, şahyrlaryň, dünýäniň dürli ýurtlarynyň aýdym-saz we kino sungatynyň wekilleriniň duşuşyklary guraldy.

Üç günüň dowamynda döredijilik gözden geçirilişine gatnaşyjylar tomaşaçylary öz ýurtlarynyň däbe öwrülen we häzirki döwürdäki sungaty bilen tanyşdyrdylar hem-de tomaşaçylar bilen döredijilik barada täsirli gürrüň etdiler. Şoňa görä-de, forumyň geçirilen günlerinde Awazanyň merkezi seýilgähindäki meýdança täsirli medeniýet merkezine öwrüldi.

Şu gün “Daýanç” myhmanhanasynda foruma daşary ýurtlardan gatnaşýan myhmanlar üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň kitaplary diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşda-da meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiziň daşary ýurt dillerine terjimie edilen eserleri daşary ýurtlaryň okyjylaryna türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, häzirki Türkmenistanyň gazanýan haýran galdyryjy üstünlikleri we täze taryhy eýýamda onuň okgunly ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Şol gün “Arzuw” myhmanhanasynda uly möçberli gözden geçiriliş boldy. Oňa gatnaşyjylar gadymy milli geýimlere mahsus görnüşdäki ajaýyp lybaslary görkezdiler. Dürli halklaryň lybaslarynyň öwüşgünliligi we özboluşlylygy ajaýyp milli sazlaryň ýaňlanmagynda sahnada täsirli ýagdaýy emele getirdi hem-de tomaşaçylaryň kalplarynda ýakymly duýgulary döretdi.

Halkara forumyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara sertifikatlar we diplomlar gowşuryldy. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana gelip görmäge, sazlaşykly ösýän we baý taryhy-medeni ýörelgeleri bolan ýurdumyz bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar. Myhmanlar şunuň ýaly ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň özgertmelere badalga bermegi netijesinde Hazaryň güneşli türkmen kenarynyň halkara derejeli şypahana we döredijilik bilen iş salyşýan adamlaryň duşuşmagy üçin ajaýyp ýere öwrülýändigi nygtaldy. “Awaza-2012” atly halkara forumy Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen köp ugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini hem-de muňa dostlukly gatnaşyklary we parahatçylygy saklamagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we özara düşünişmegiň, şeýle hem işjeň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýetli görnüşi hökmünde garaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

“Awaza-2012” atly halkara forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Halkara forumynyň ýapylyş dabarasynyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, sungatlaryň festiwalyna gatnaşyjylaryň ählisiniň täsirli çykyşlaryndan ybarat bolan konsert geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň “Argymak” atly etniki-rok topary folklora degişli aýdymlary, Koreýa Respublikasynyň “NOA” atly aýdym-saz toparyna gatnaşyjylar “tehno” ugry boýunça özboluşly tanslary ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar Gazagystanyň “Bisultan” atly tans toparynyň çykyşyna şowhunly el çarpdylar, bu topar Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän halkara festiwalyna ikinji gezek gatnaşýar. Özbegistanyň, Owganystanyň, Ermenistanyň, Tailandyň, Azerbaýjanyň we Täjigistanyň ýerine ýetirijileri we döredijilik toparlary öz halklarynyň aýdymlaryny we tanslaryny ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileri, folklor-etnografik we tans toparlary türkmen sungatynyň köp öwüşgünlidigini äşgär etdiler. Olaryň joşgunly çykyşlary berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent senasyna öwrüldi.

Biziň myhmanlarymyz türkmen kärdeşleri bilen döredijilik babatda pikir alşan mahalynda “Küştdepdi” atly milli türkmen tansynda edilýän özboluşly joşgunly hereketleri mazaly öwrenipdirler. Şu gün olar muny sahna meýdançasynda bu tansy bilelikde ýerine ýetirmek arkaly aýdyň görkezdiler.

Gala- konsert oňa gatnaşýanlaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen “Goý, baky ýaňlansyn dostluk aýdymy!” diýen aýdym bilen jemlendi, bu aýdym“Awaza-2012” atly halkara forumyny geçirmek baradaky başlangyjyň özenini düzýän belent ynsanperwer ýörelgeleriň mizemezliginiň beýanyna öwrüldi.