Türkmenistanyň Prezidentiniň «2012-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek hakyndaky» kararyna laýyklykda, bu çäräniň birinji tapgyryna badalga berildi – ýurdumyzyň barmasy kyn hem-de uzak örülerde maldarçylyk bilen meşgullanylýan ýerlerinde ilat ýazuwy başlandy, ol 2012-nji ýylyň 24-nji sentýabryna çenli dowam eder. Ilat ýazuwynyň esasy tapgyry 2012-nji ýylyň 15–26-njy dekabry aralygynda geçiriler.
Şeýle çözgüdiň kabul edilmegi, şol ýerleriň tebigy-howa şertleriniň özboluşlylygy, olaryň etrap merkezlerinden uzakda ýerleşýändigi, yzygiderli ulag gatnawynyň bolmazlygy, daglyk we çöllük ýerleriň çylşyrymlylygy zerarly, ilat ýazuwynyň guralmagyna aýratyn çemeleşmegiň talap edilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, bu ilatly ýerlerde ýazuw geçirmegiň möhletleri ýylyň has amatly wagty göz öňünde tutulyp bellenildi.
Ýazuw ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça 28 etrapda ýerleşýän, barmasy kyn hem-de uzak örülerde maldarçylyk bilen meşgullanylýan ýerlerdäki ilatly nokatlaryň 365-sinde geçiriler. Bu işe statistika edaralarynyň işgärlerinden başga-da, mugallymlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, etrap häkimlikleriniň, geňeşlikleriň wekilleriniň we ilatyň beýleki toparlarynyň hataryndan ýazuw işgärleri çekildi. Ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan ýerli ilatyň hataryndan ýazuw işgärlerini saýlap almakda, ýurdumyzyň barmasy kyn ýerlerinde ýaşaýan ilata sowal bermek maksady bilen, sanaýjylary şol ýerlere eltmek üçin ulag serişdeleri bilen üpjün etmekde kömek berildi.
Häzirki wagtda ähli welaýatlarda barmasy kyn hem-de uzak örülerde maldarçylyk bilen meşgullanylýan ýerlerde ilat ýazuwyna doly taýýarlyk görüldi. Ýazuw geçirjek iş toparlarynyň işgärleri saýlanyp alyndy we okadyldy, sanaýjylaryň hemmesine ýazuw resminamalary berildi hem-de olar zerur maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün edildi.
Bu çäräniň geçirilmegine taýýarlyk görmegiň barşynda has täze tehnologiýalary ulanmak bilen bagly meselä aýratyn üns berildi. Hususan-da, elektron görnüşdäki kartografik material bilen işlenmegini hem-de zerur statistiki maglumatlaryň elektron karta geçirilmegini, şol maglumatlaryň göwnejaý hilli bolmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti halkara tejribesinde ulanylýan geogrifiki maglumatlar ulgamyna degişli tehnologiýalardan peýdalanar.
Ýeri gelende aýtsak, 2012-nji ýyldaky ilat ýazuwy Birleşen Milletler Guramasynyň 2005-2014-nji ýyllarda BMG agza bolup durýan ýurtlarda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirmek baradaky kararynyň çäklerinde amala aşyrylýar, munuň özi Garaşsyz Türkmenistanyň bu abraýly halkara guramasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.