Ï Möhletinden öň ilat ýazuwy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Möhletinden öň ilat ýazuwy

view-icon 640
2012-nji ýylyň 14-24 sentýabry aralygynda Türkmenistanda barmasy kyn bolan ýerlerde we daşda ýerleşýän maldarçylyk bilen meşgullanýan etraplarynda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Bu ýerleriň etrap merkezlerinden daşda ýerleşmegi, özboluşly tebigy-howa şertleri, ulag aragatnaşygyň wagtynda bolmazlygy, daglyk we çöllük ýerleriniň bolmagy ilat ýazuwyny möhletinden öň geçirmekligi talap etdi. Belli bolşy ýaly ilat ýazuwynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň esasy tapgyry 2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabry aralygynda geçiriler.

Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky statistika baradaky müdirlikleriniň hünärmenleri möhletinden öň geçiriljek barmasy kyn bolan ýerleriň ilat ýazuwyna taýýarlykly geldiler. Olar ilatly ýerleri kesgitlediler. Resmi maglumatlara laýyklykda Türkmenistan boýunça welaýatlarda 28 sany etrapda ýerleşýän barmasy kyn bolan ýerleriň we daşda ýerleşýän maldarçylyk bilen meşgullanýan etraplaryň 365 sanysy hasaba alyndy. Olarda takmynan 78-80 müň adam ýaşaýar.

Barmasy kyn bolan ýerleriň we daşda ýerleşýän maldarçylyk bilen meşgullanýan etraplaryň has köp ilatly ýeri Ahal welaýatynda, ýagny olaryň sany 167 bolup, ol ýerde 10 müňe golaý öý hojalygy bar, iň az sanlysy bolsa , ýagny 12 sany ilatly ýer bolup, 560 sany öý hojalygy bolan Daşoguz welaýatynda ýerleşýär.

Mary welaýatynyň çäklerinde daşda ýerleşýän maldarçylyk etraplarynyň esasylary ýerleşip, olaryň sany 135 sany ilatly ýerlerdir. Olaryň hersinde 1-14 çenli adam ýaşap hemme etraplary alanyňda olardaky öý hojalyklarynyň sany 170 golaýdyr.

Barmasy kyn bolan ýerleriň ilatly punktlarynyň etrap merkezlerinden örän daşda ýerleşenini bellemelidir. Lebap welaýatynda oba ýerleri etrap merkezinden 40-165km uzaklykda ýerleşýär.Ilatly ýeriň biriniň sanyny ortaça alanyňda 20-300 adam hasabynda düşýär. Balkan welaýatynda, mysal üçin Bereket etrabynyň çägindäki ýerler etrap merkezinden 100-140 km , käbirisi bolsa 312-394km çenli daş aralykda ýerleşýär.

Statistika bölümleri wagtyndan öň geçirilmeli ilat ýazuwyna taýýarlyk işlerini tamamladylar. Ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän barmasy kyn bolan ýerler hasabat, instruktor uçastoklara we ilat ýazuwy bölümlerine bölündi. Ähli kartografiki maglumatlar we 13 müň sany ýaşaýyş jaýynyň salgylarynyň sanawy taýýar.

Sebitlerde geçiriljek ilat ýazuwyna statistika ulgamynyň hünärmenlerinden daşary ýazuw işgärleri-mugallymlar, lukmanlar, häkimlikleriň we geňeşlikleriň wekilleri hem çekiler. Ilat ýazuwynyň hasaplaýjylaryny ähli zerur resminamalary bolan gara reňkli torbasyndan we onuň ýüzünde ýazylan “Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy-2012” atly ýazgysyndan tanap bolar.

Mundan başga olaryň her haýsy öz wezipesini ýerine ýetirende ýörite şahsyýetnamasyny görkezer. Soraşma geçiilende ilat tarapyndan hiç –hili şahsyýetnama görkezmek hökman däldir , sebäbi ähli maglumatlar ilatyň özlerinden dilden soraşylar.