Türkmeistanyň Tebigaty goramak ministrliginde Milli tokaý maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň meselelerine bagyşlanyp iş toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Şeýle maksatnamanyň döredilmegi howanyň üýtgemegi bilen bagly Milli ýörelgede göz öňünde tutulandyr. Onuň esasy wezipesi bolsa ýurdyň dürli toprak-howa şertli landşaftynda tokaýçylygy köpeltmegiň tehniki-ykdysady esaslaryny utgaşdyrmakdan ybarat bolup durýar.
Ýurduň Tebigaty goramak, Oba hojalyk ministrlikleriniň Tokaý hojalygy müdirlikleriniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, beleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen mejlisiň dowamynda geljekki maksatnamanyň düzgünleri we gurluşy ara alnyp maslahatlaşyldy, tebigy tokaýçylygy gorap saklamaga we tebigy şertlerde bag ösdürip ýetişdirmegi köpeltmäge gönükdirilen köpýyllyk çärelere esaslanýan bölümleri döretmek meselelerine garaldy.