Ï „Parahat-7-iň“ gurluşygynyň nobatdaky tapgyry tamamlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Parahat-7-iň“ gurluşygynyň nobatdaky tapgyry tamamlanýar

view-icon 629
Aşgabadyň günorta böleginde Baba Annanow we Ýunus Emre köçeleriniň çatrygynda „Parahat-7“ etrapçasynyň jaýlarynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygy tamamlanyp barýar.

Bu ýerde iri panelli 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 9-sy ýerleşýär. Olaryň 4-si bolsa eýýäm şu ýylyň iýul aýynda ulanmaga berildi. Galan 5-inde bolsa eýýäm 27-nji oktýabrda – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününde jaý toýlary toýlanar. Bu ýaşaýyş jaýlarynda durmuş ulgamlary ornaşdyrylýar, liftleri, lagym we ýyladyş ulgamlaryny ulanyş boýunça göýberiş-sazlaýyş işleri geçirildi, timarlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Ýaşaýyş toplumynyň ilkinji ýaşaýjylary barada aýdylanda balsa, olar üçin ýaşap başlan ilkinji günlerinden ähli şertler döredilendir. Bu toplumyň töwerek daşy abatlanyp, olara bag nahallary oturdylandyr, çagalar we sport meýdançalary gurulandyr. Bu ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylary üçin 10, 27, 34 belgili ýolagçy awtobuslaryň gatnawy ýola goýuldy.

Şeýle hem Ýunus Emre köçesiniň ugry boýunça bu ýaşaýyş jaý toplumynyň ikinji we üçünji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi. Umymylykda iri panelli 9 gatly 148U tapgyrly kämilleşdirilen, 1-4 otagly ähli amatlyklary bolan 2 müňe golaý öýlerden ybarat bolan jaýlaryň 22-si „Parahat-7“ etrapçasynyň düzümine girer. 2011-nji ýylyň awgust aýynda badalga berilen gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň „Arkaçgurluşyk“ we „Aşgabatgurluşyk“ önümçilik birleşikleri alyp barýaralr. Ýaşaýyş jaý etrapçasynyň çäklerinde guruljak 500 orunlyk mekdebiň we her biri 140 orunlyk bolan çagalar bagynyň ikisiniň taslama işleri taýýarlanylýar.

„Parahat 7/2“ ýaşaýyş jaý toplumynyň taslama işlerine başlanyldy. Gelejekde „Parahat 7/3“ ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny düzmegiň üstünde işlenilýär. Bu ýaşaýyş jaý toplumynyň üçüsi umumylykda 23 gektar töweregi meýdany eýelär.