Ï Halkymyzyň paýhasly ýörelgelerine daýanmak arkaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkymyzyň paýhasly ýörelgelerine daýanmak arkaly

view-icon 504
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ýaşulularynyň duşuşygy bolup geçdi. Bu duşuşuk halk häkimiýetiniň möhüm ähmiýetli edarasy we türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň gadymy edaralarynyň biri hökmünde Ýaşulularynyň maslahatynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky meseleleri barada pikir alşylmagyna bagyşlandy. Paýtagtymyzdaky Maslahat Köşgünde geçirilen duşuşyga ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň wekilleriniň ýüze golaýy gatnaşdy. Olar il içinde hormatlanýan we durmuşda tejribe toplan adamlardyr. Adamlar olaryň maslahatlaryna we öwüt-ündewlerine gulak asýarlar.

Mälim bolşy ýaly, 17-nji sentýabrda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň meseleleri hakyndaky” Karara gol çekdi hem-de halk häkimiýetiniň bu gadymy we özboluşly edarasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini we onuň ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň ösdürilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oňyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagyna goldaw berýändigini belledi.

Şu günki duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň işiniň ugurlaryny we tertibini kadalaşdyrýan bu möhüm ähmiýetli resminamadan gelip çykýan wezipeleri, şeýle hem onuň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görülmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyş edenler «Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň meseleleri hakyndaky» Kararyň kabul edilmeginiň türkmen jemgyýetiniň demokratiýalaşdyrylmagyna degişli ýagdaýlaryň çuňlaşdyrylýandygyny görkezýän subutnama bolup durýandygyny hem-de türkmenlerde gadymy döwürde emele gelen Ýaşulularynyň maslahatynyň halkymyzyň syýasy medeniýetiniň ýörelgeleriniň aýratynlyklaryny äşgär etmek bilen, häzirki wagtda tüýs halk häkimiýetiniň edarasyna öwrülendigini we döwlet derejesinde möhüm çözgütleri işläp taýýarlamakda wajyp ähmiýetli orny eýeleýändigini bellediler.

Gadym döwürlerden bäri türkmenlerde durmuşdaky möhüm meseleleri umumy maslahatda çözmek asylly ýörelge bolup gelýär, şonda soňky söz mynasyp, durmuşda baý tejribe toplan ýaşulularyň paýyna düşýär. Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar türkmenleriň ýaşuly nesliň wekillerine çuňňur hormat goýmagyna, il arasynda ýaşululara uly sarpa goýulmagyna esaslanýan bu asylly we paýhasly ýörelgesiniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-döwlet gurluşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlar türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň – ýaşlaryň, mähriban Watanymyza bolan päk söýgüniň ruhunda, halkyň asylly däpleriniň esasynda terbiýelenmegini gazanmak Maslahatyň möhüm wezipeleriniň biridigini tassykladylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görülmegini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak bilen bagly mesele barada pikir alyşdylar. Edaranyň tassyklanan Tertipnamasyna laýyklykda, indiden beýläk ol umumymilli maslahatda bir ýyllyk möhlet bilen, ýurdumyzyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň geçirilýän welaýatynyň ýaşulularynyň hataryndan saýlanar, munuň özi häzirki döwürde türkmen döwletiniň we jemgyýetimiziň demokratiýalaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýän mysaldyr. Çykyş edenler ýaşulularyň bu jogapkärli wezipä görkezilenler barada jikme-jik pikir alşyp, durmuşda köpigören, il arasynda uly at-abraýa eýe bolan, adamlaryň ynamyna we hormatyna mynasyp bolan aksakgallaryň wekillerini hödürlemelidigini aýtdylar.

Häzirki wagtda türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, jemgyýetde işjeňligi we raýatlaryň düşünjeliligini kämilleşdirmek, milletiň ruhy gymmatlyklaryna esaslanyp, täze jemgyýetçilik düşünjeliligini kemala getirmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ýaşulularynyň maslahatynyň öňünde durýan möhüm wezipeler hökmünde görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygyna gönükdirilen oňyn başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaşuly nesle aýratyn üns berip, olar barada ýadawsyz alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, geljekde-de ata Watanymyzyň bähbidi üçin öz bilimlerini we durmuşda toplan tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.