Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesi bu günki gün türkmen obasynyň keşbiniň düýpli özgerýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän bu şäherçede iki ýyldan hem azrak wagt mundan ozal dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi, mekdep çagalar bagy, agyz suwuny öndürýän toplum we durmuş ähmiýetli beýleki desgalar ulanylmaga berildi.
Ýerli rowaýata görä, birnäçe asyr mundan ozal ötegçiler bu ýerden halas ediji suwly üç sany guýy tapýarlar. Guýynyň suwlary tagamy boýunça örän şor we ajy bolsa-da suwsuzlygyňy gandyrmaga we täze güýç bilen ýoly dowam etdirmäge mümkinçilik beripdir.
Indi bu şäherçede medeni-durmuş, senagat ähmiýetli we ekin meýdanlaryny suwarmak üçin suw doly derejede ýeterlikdir.
Bu ýeriniň ýaşaýjylarynyň haýyşyny, şeýle hem ýerli dolandyryş edarasynyň towakganamasyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi Üçajy şäherçesiniň adyny Bagtyýarlyk diýip atlandyrdy.