Daşoguzda „Daşoguz“ jemgyýetçilik iýmiti Döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň we welaýat alyjylar jemgyýetiniň bölümleriniň işgärleriniň arasynda welaýat bäsleşigi geçirildi. „Iň gowy aşpez“, „Iň gowy konditer“, „Iň gowy ofisiant“ at ugrunda etrap we şäher bäsleşikleriniň ýeňijileriniň otuz altysy bäsleşdi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, ýurduň söwda we telekeçiler ulgamynyň kärdeşler arkalaşygynyň wekilleri, jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyň sebit ulgamynyňbaş hünärmenlei emin agzalarynyň düzümine girdiler.
„Iň gowy aşpez“ ady bilen geçirilen bäsleşikde gadymy we täze usullarda taýýarlanan türkmen aşhanasynyň tagamly naharlary bäsleşige hödürlenildi. Daşoguzyň 13-nji orta mekdebiniň naharhanasynyň aşpezi Roza Baltaýewanyň goýun etinden sarymsak goşup taýýarlan daşoguz palowy, jöwenden taýýarlan tagamy, böregi emin agzalarynyň iň ýokary bahasyna eýe boldy.Ýeňijiniň gök önümlerden taýýarlan işdäaçarlarynyň, tamdyrda bişiren çöreginiň, et garyp taýýarlan gatlama çöreginiň tagamlary ýeňijiniň hasabynda göz öňünde tutuldy.
„Iň gowy konditer“ ady bilen geçirilen bäsleşikde „Daşoguz“ jemgyýetçilik iýmiti Döwlet lomaý-ownuk söwda kärhanasynyň süýji-köke bölüminiň müdirine taý gelen bolmady. Ol bu bäsleşige süýt kremli tortlary, miwe we hoz goşup owranyp duran hamyrdan taýýarlan tortlary, miweli piroglary, baýramçylyk saçagy üçin gatlama hamyrdan mürepbeli ruleti, pirožniýeleri, waflileri, kökeleri, şokaladly kökeleri, kişmişli keksleri, al-gyrmyzy bulkalary we beýleki süýji-köke önümleriniň köp sanlysyny hödürledi.
Daşoguzly Parahat Mämmedow „Iň gowy ofisiant“ ady bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ol stollara hyzmat etmekde öz işine ussatlygy, saçaga äberilýän tagamlaryň dürli-dürliligi, hyzmat etmegiň özbaşdak usuly bilen tapawutlanmagy başardy.
Türkmen naharlarynyň taýýarlanyş usuly boýunça taýýarlanylan tagamly we peýda beriji naharlaryny Daşoguz welaýat alyjylar jemgyýetiniň jemgyýetçilik iýmiti kärhasynyň gurluş bölümleriniň işgärleri bäsleşige hödürlediler. „Iň gowy aşpez“, „Iň gowy konditer“, „Iň gowy ofisiant“ ady bilen geçirilen bäsleşiklerde degişlilikde Görogly etrabynyň 2-nji naharhanasynyň aşpezi Jahan Iljanowa, Görogly etrabynyň „Bedirkent“ alyjylar jemgyýetiniň konditer bölüminiň konditeri Mähri Öwezowa, Gubadag etrabynyň „Gubadag“ kafesiniň ofisianty Orazmyrat Begbýew dagy ýeňiji bolmagy başardylar.