Asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelen ýaşulularymyza hormat-sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini belende götermek, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşuly nesliň mynasyp ornuna buýsanmak bilen, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda şanly sene bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramynyň giňden bellenip geçilýän döwründe döwlet ähmiýetli, giň gerimli işlere ýaşululary işjeň çekmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý tejribesini netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde çagyrmak we onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlemek bellenildi. Şeýle hem resminama bilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaşulalyrynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli ministrliklere we pudaklaýyn edaralara anyk tabşyryklar berildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaşulalyrynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli ministrliklere we pudaklaýyn edaralara anyk tabşyryklar berildi.