Ï Ýurdumyzyň sebitlerinde täze desgalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze desgalaryň açylyş dabaralary

view-icon 463
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzümlerinde birbada üç sany serhet galalarynda serhetçiler üçin täze döwrebap toplumlarynyň açylyş dabaralary boldy. Olar Tagtabazar serhet birikmesiniň “Garawulhana” we “Murgap”, şeýle hem Serhetabat serhet birikmesiniň “Medesan” serhet galalarynyň ähli amatlyklary üpjün edilen binalar toplumlarydyr.

Tagtabazar we Serhetabat serhet birikmelerindäki serhet galalarynyň täze döwrebap binalarynda serhetçileriň göwnejaý gulluk etmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Olarda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýatylýan otaglary, lukmançylyk we hyzmat ediş, şeýle hem okuw otaglary, naharhana, kitaphana ähli zerur hem-de kämil enjamlar bilen üpjün edilen sport meýdançalary we beýleki degişli desgalar hereket edýär.