Ýurdumyzyň Balkan we Lebap welaýatlaryndaky täze desgalary ulanmaga bermegiň dabaralary
Balkanabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän Saganly şäherçesinde 140 orunlyk täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Häzirki zaman, göwnejaý enjamlaşdyrylan mekdebe çenli çagalar edarasy şu gün körpeler üçin öz gapysyny giňden açyp, obanyň keşbini bezedi. Bu dabara ýatdan çykmajak baýramçylyk öwüşginine beslendi. Ir säher bilen täze binanyň öňündäki meýdançada ýokary ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürdi. Körpeler özlerini gutlamaga gelenleri aýdym-saz, goşgular we tanslar bilen garşyladylar. Bu ýere welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim ulgamynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we oba ýaşaýjylary ýygnandylar.
Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny aýtdylar. Bu şanly waka milli Liderimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.
Täze döwrebap çagalar bagy häzirki zaman binagärlik bezeginiň ajaýyp nusgasydyr. Onuň gurluşygynda milli bezeg äheňleri ýerlikli ulanylyp, ýokary hilli gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri peýdalanyldy. Bu ýerde ösüp gelýän nesliň sazlaşykly bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredildi. Iki gatly binada körpeleriň dürli ýaşdaky toparlary üçin okuw otaglary, giň ýatakhanalar, sport we oýun oýnalýan, aýdym-saz öwrenilýän zallar bar. Täze çagalar toplumynda naharhana, kömekçi jaýlar ýerleşdirildi. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, oňat bezelen oýun oýnalýan meýdança gurnaldy.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde soňky 5 ýylyň içinde Balkan welaýatynda häzirki zaman çagalar baglarynyň we umumybilim berýän mekdepleriň 20-si ulanmaga berildi. Olar Balkanabat, Serdar, Bereket şäherleriniň, şeýle hem Esenguly, Türkmenbaşy we Magtymguly etraplarynyň durmuş ähmiýetli desgalarynyň üstüni ýetirdi.
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň merkeziniň ýaşaýjylary ajaýyp sowgat aldylar. Bu ýerde 140 orunlyk häzirki zaman çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Ol Lebap welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça “Berk gurluşyk” hususy kärhanasynyň işgärleri tarapyndan bina edildi. Häzirki zaman binagärlik äheňinde gurlan desga Türkmenistanda şunuň ýaly binalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.
Iki gatly binada körpeler üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulypdyr. Onda giň ýatylýan otaglar, naharhana, aýdym-saz we sport zallary, lukmançylyk otagy bar. Körpeleriň mekdebi çenli göwnejaý bilim almaklary üçin oňat binýat döredilipdir. Kompýuter we lingafon otaglary häzirki zaman tehnikasy we abzallary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Täze çagalar bagynda körpeleriň beden taýdan berkemegi üçin ähli şertler bar. Gimnastika zaly, ýapyk howuz, sport we oýun oýnalýan meýdançalar çagalaryň ygtyýaryna berildi. Täze bina özbaşdak energiýa we ýyladyş ulgamy bilen üpjün edilipdir.
Binanyň açylyş dabarasy aýdyň baýramçylyga öwrüldi. Oňat bezelen çagalar şäherjiginiň ýanynda şäherçäniň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandy, şadyýan çaga sesleri ýaňlandy. Şanly waka bilen körpeleri gutlamaga bu ýere welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular ýygnandylar. Etrabyň medeniýet işgärleriniň taýýarlan barýamçylyk çykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň gülläp ösmegi we abadançylygy ugrunda edýän aladasy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna çuňňur hoşallyklar beýan edilýän aýdym-sazlar ýaňlandy.
Has tapawutlanan gurluşykçylara dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

* * *