Ï Suwy rejeli peýdalanmagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suwy rejeli peýdalanmagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 504
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň milli suw syýasaty gepleşikleriniň utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Suw hojalygy, Tebigaty goramak, Oba hojalygy, Daşary işler, Ykdysadyýet we ösüş, Maliýe, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Jemagat hojalygy ministrlikleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň, Balyk hojalygy komitetiniň wekilleri, şeýle hem BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň, Fransiýanyň suw gorlary boýunça halkara guramasynyň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň wekilleri hem-de bilermenleri gatnaşdylar.

Mejlisde bu ulgamdaky derwaýys meseleleriň birnäçesi, hususan-da, suwdan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň suw hojalyk pudagynyň netijeli orny bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, hususan-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady topary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meselelerine, Merkezi Aziýada we Türkmenistanda suw serişdelerini hem-de daşky gurşawy goramagy utgaşykly dolandyrmak baradaky taslamalara, bu ulgama iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça çärelere garaldy.

Mejlisde çykyş eden daşary ýurtly bilermenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen serhetýaka suw akabalaryny we halkara köllerini goramak hem-de ulanmak boýunça konwensiýasyna goşulmak hakyndaky Kararyň ähmiýetine ýokary baha berip, suwy rejeli ulanmak, sebitiň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalarynda Türkmenistanyň ornunyň artýandygyny bellediler. Munuň özi biziň ýurdumyzyň bu ulgamdaky oňyn halkara başlangyçlary bilen şertlendirilendir.

Mejlise gatnaşyjylar şorlaşan ýerleri dikeltmek, suwy tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmak we suw hem-de ýer serişdelerini rejeli ulanmak ýaly möhüm ugurlar boýunça gazanylanlary we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşyp, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de dünýäniň degişli tejribesini öwrenmegiň möhümdigini nygtadylar.