„Aşgabatenergo“ güýz-gyş möwsümine, bu döwürde paýtagtyň energiýa ulgamyny bökdençsiz üpjün etmek boýunça taýýarlyk görmek işlerini tamamlady. Şäheriň energiýa desgalarynda elektrik enjamlaryny çalyşmak we abatlaýyş çärelerini geçirmek boýunça uly göwrümli işler ýerine ýetirildi. Adatça güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmek işleri tomsuň ortalarynda başlanýar. Bu ýyl şäheriň energiýa ulgamyny möwsüme taýýarlamak işleri üç aýda ýerine ýetirildi.
Kuwwatlylygy 10/0,4 kb bolan transformator kömekçi beketleriniň 50-nde enjamlary, şeýle hem elektrik geçiriji jaýlaryň we binalaryň özlerinde abatlaýyş işleri geçirildi. Şol sanda ätiýaçlyk transformatorlaryň 14-si çalşyldy we guruldy.
Şeýle hem şu ýylyň başyndan bäri doly döwrebaplaşdyrylan täze transformatorlaryň 14-si gurnaldy. Paýtagtyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde täze transformator kömekçi beketleri hem alyndy.
Şäher etraplarynda elektrik geçirijileriň täze kabel simleriniň gurluşygy we olary çekmek, bar bolan kabelleriň we howa liniýalaryny gözden geçirmek we abatlaýyş işleri tamamlandy. Şäheriň ilatly ýerleriniň elektrik şit abzallaryny, rele goragy we awtomatikasy, nobatçylyk ulgamy we teledolandyryş ulgamyny gözegçilikden geçirmek işleri tamamlandy.
„Aşgabatenergo“ önümçilik birleşiginiň binýadynda ýangyna garşy we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça türgenleşikler geçirildi. Bu ugurda toplanan tejribe adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda tizden-tiz çäreleri görmäge we olary iň az möhletde düzetmäge şert döreder. Bu geçirilen okuwlaryň jemleri birleşigiň işgärleriniň taýýarlyk işleriniň ýokarydygyny görkezdi.
Güýz-gyş möwsüminde paýtagtyň ýaşaýjylarynyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi üçin „Aşgabatenergo“ önümçilik birleşiginiň işgärleri transformator kömekçi beketleriň, elektrik geçiriji ulgamyň, kabel we howa ulgamynyň üznüksiz işlemegi üçin gözegçilik işlerini yzygiderli geçirerler.