Ï Täze çagalar bagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze çagalar bagy

view-icon 1011
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem durmuş ulgamynyň täze desgalaryny ulanmaga bermek dabaralary dowam edýär. Şu gün Hojambaz etrabynyň «Mekan» geňeşliginiň Mekan obasynda 150 orunlyk häzirki zaman çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Özboluşly binagärlik äheňinde gurlan iki gatly jaý şäherçäniň keşbine bezeg berdi.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen çagalar bagynyň öňündäki meýdançada çagalar toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlanýar. Körpeleriň baýramçylygyna welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri , hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesliň döwlet tarapyndan alada bilen gurşalandygyny bellediler. Bu çagalar edarasy şu ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen çagalar baglarynyň ýedinjisidir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde ähli ýerlerde ulanylmaga berilýän durmuş ähmiýetli täze desgalar berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň alamatlarydyr. Çykyş edenler milletiň Liderine halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen yzygiderli aladasy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, köptaraplaýyn işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Soňra dabara gatnaşyjylar körpeleriň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilen çagalar şäherjigi bilen içgin tanyşdylar. Owadan hem rahat mebeller bilen üpjün edilen giň ýatylýan, oýun oýnalýan otaglar, gimnastika we aýdym-saz bilen meşgullanmaga niýetlenen ýörite zallar körpeleriň hyzmatynda bolar. Göwnejaý enjamlaşdyrylan kompýuter we lingafon otaglary çagalara informatikanyň esaslaryny özleşdirmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmäge kömek eder. Şeýle hem binada ýüzülýän howuz, naharhana, lukmançylyk otagy, açyk howada oýnamak üçin meýdançalar bar. Çagalar bagynyň ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga bürenipdir we göwnejaý enjamlaşdyrylypdyr.

Bu desgany «Kämil ýol» hususy kärhanasynyň işçileri gurdular. Has tapawutlanan gurluşykçylara dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.