Milli pul – töleg serişdesi bolup, ýurt barada, onuň gymmatlyklary we taryhy barada düşünje berýän döwletiň ýüzi bolup durýar. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2012-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda 1, 5, 10 we 20 manatlyk modifisirlenen kagyz pullarynyň tapgyrlaýyn dolanyşyga girizilmegi milli pul birliginde özgertmeli amala aşyrmagyň logiki dowamy bolup durýar.
2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri hereket edip gelýän „Merkezi bank hakynda“ Kanuna laýyklykda pul belgilerini emissiýa ediji we olary dolanşykdan aýyrmaklygy amala aşyrmak Türkmenistanyň çäklerinde pul belgilerini ýeke-täk emitent ediji hökmünde Türkmeistanyň Merkezi bankynyň wezipesi bolup durýar.
Adatça bolşy ýaly, kagyz pullarynyň çäkli dolanşyk möhleti bolýar. 2009-njy ýylda denominasiýa geçirilenden soň 1, 5, 10 we 20 manatlyklar bolan isaleg ep-esli artdy. Bu pul belgileriniň ilat tarapyndan ýygy-ýygydan ulanylyp durulmagy netijesinde olaryň çalt könelmegi adaty ýagdaýdyr. Şonuň üçin hem täze modifisirlenen kagyz pullaryny çykarmak we 2009-njy ýylda çykarylan kagyz pullarynyň könelişen we derde ýaramaýanlaryny dolanşykdan aýyrmak zerurlygy ýüze çykdy. Täze pullaryň göýberilmegi olaryň gorag alamatlaryny kämilleşdirmek bilen hem baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň çäklerinde bu kagyz pullary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar bellenilen gymmaty boýunça töleg geçirmäge borçludyrlar.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul dolanyşygy we emission-kassa işleri Departamentiniň baş hünärmeni Ýazgül Ataýewanyň belleýşi ýaly, umuman kagyz pullarynyň reňki we bezegi saklanyp galdy. Bu girizilen täzelikler gorag alamatlaryny we goragyň wizual alamatlaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi. 2012-nji ýylyň nusgasynda dolanşyga göýberilen manatlar kämilleşdirilen, häzirki zaman gorag edrejesine eýedir we kagyzynyň hili gowulandyrylandyr. 1 we 5 nominally kagyz pullarynda ýerleşýän tutuşlaýyn we magnit sapajygynyň ýerleri üýtgedildi. Täze gorag alamatlary goşuldy. Ýörite altyn reňkli zolakda kagyz pullarynyň çüňki üýtgedilende milli halylaryň gölleri we kagyz şulunyň nominaly ýüze çykýar. Kagyz pullarynyň bu alamatlaryny reňkli nusgalryny çykarýan enjamlarda suratlandyryp bolmaýar hem-de skanerde hem ýasamak örän kyn bolar.
10 we 20 manatlyk kagyz pullarynyň ýüz tarapynda sekizgyraňly görnüşde nagyş we kagyz pulunyň nominalyny aňladýan san ýerleşendir. 10 manatlyk kagyz pulunyň çüňki üýtgedilen ýagdaýynda bu gorag alamaty gök reňkden altyn reňke öwrülýär. 20 manatlyk kagyz pulunda bu ýagdaý gök reňkden mawy reňke öwrülýär. Şeýle hem kagyz pullaryň ählisiniň nominalynyň ýüz tarapy dürli çüňklerden seredilende üýtgäp duran reňkde ýerine ýetirilendir. Mundan hem başga kagyz pullarynyň ýüz tarapyndaky çykarylan möhleti we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdirliginiň başlygynyň golunyň faksimiliýesi üýtgedildi. Türkmenistanyň Merkezi banky kagyz pullarynyň hakykydygyny kesgitlemek üçin azyndan bäş sany gorag almatlaryny barlap görmelidigini ýatladýar.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy ýylda çykaran 1, 5, 10 we 20 manatlyk kagyz pullarynyň ählisiniň Türkmenistanyň çäklerinde kanuny töleg serişdesi bolup galýandygyny dowam etdirýär. Türkmenistanyň Merkezi bamky adaty pul dolanşygy ugurlary arkaly, ýagny söwda, hyzmat, karz beriji edaralary arkaly köne we derde ýaramaýan kagyz pullaryny ýuwaş-ýuwaşdan dolanşykdan aýrar.
Türkmenistanyň çäklerinde dolanşykda hereket edýän kagyz we şaýy pullaryň hakykylygy baradaky giňişleýin baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň http://сbt.tm internet sahypasyndan tapyp bilersiňiz.