Şu gün umumymilli baýramçylygynyň – mukaddes Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Baýramaly etrabynda durky täzelenen Bagtyýarlyk şäherçesinde durmuş maksatly desgalaryň uly toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu dabara Mejlisiň Başlygy, welaýatyň, etrabyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular we beýleki köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Baýramçylygyň öň ýanynda täze desgalary ulanmaga bermek dabaralarynyň arasynda bu waka biziň ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň maksady Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, Baýramaly etrabynyň täze ada eýe bolan Bagtyýarlyk şäherçesiniň durky doly täzelendi. Onda täze durmuş, önümçilik, medeni-durmuş we edara ediş düzümi döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň ýanwarynda bu şäherçä bolan iş saparyndan soň, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesini durmuş-ykdysady taýdan özgertmek bilen baglanyşykly Karara gol çekdi. Şu resminama laýyklykda bu ýerde giň möçberli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, şol iş saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşyp, olaryň zähmet we durmuş şertleri bilen gyzyklandy, işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, şäherçäniň durmuş düzüminiň desgalaryny gözden geçirdi.
Eýýäm şondan iki aý geçenden soň, öňden bar bolan suw geçirijä goşmaça täze suw geçirijisi çekildi, çünki öňki suw geçirijisi bu ilatly ýeri agyz suwy bilen doly üpjün etmek wezipesini çözmek üçin ýeterlik däldi. Bu işleriň amala aşyrylmagynda Marynyň gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işgärleriniň hyzmatyny bellemelidiris. Olar Zähmet sebitinde öň agyz suwlarynyň barlanan ýataklarynda ulanyş guýularynyň burawlanmagyny üpjün etdiler. “Marywelaýatagyzsuw” önümçilik birleşiginiň mehanizmleşdirilen göçme kärhanasynyň işgärleri bolsa şeýle gysga möhletde şäherçä suw geçirijisini we öýleriň içindäki suw geçiriş ulgamyny çekdi.
Bu ýerde gurulýan täze köçeleriň her biriniň ugrunda dürli güllere beslenen ýanýodalar, şäherçäniň binagärlik keşbini düýpden özgertmäge ýardam etjek täze desgalar peýda boldy. Olaryň gurluşygyna we durkuny täzelemek işlerine Mary welaýatynyň gurluşyk edaralarynyň köpüsi, şol sanda hususy gurluşyk kärhanalary uly goşant goşdular. Olar häzir Murgap jülgesiniň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmak işlerini alyp barýarlar. Şäherçede gurluşyk işleriniň ählisi sazlaşykly alnyp baryldy. “Maryýolgurluşyk” önümçilik birleşiginiň ýol gurluşykçylary kuwwatly tehnikany ulanyp, ýol gurluşyk işlerini alyp bardylar, şol wagtda “Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň, “Marywelaýatagyzsuw” önümçilik birleşiginiň, “Başlar”, “Toýly Anna” ýerli hususy gurluşyk firmalarynyň, degişli gurluşyk guramalarynyň gurluşykçylary bolsa medeni-durmuş we edara ediş maksatly desgalary gurmak bilen meşgullandylar.
“Türkmendöwlettaslama” döwlet ylmy-önümçilik birleşiginiň “Marytaslama” döwlet taslama institutynyň taslaýjylary we Mary welaýatynyň gurluşyk kärhanalary, şol sanda hususy kärhanalary tarapyndan ilatly ýerleri toplumlaýyn gurmak we abadanlaşdyrmak babatda uly tejribe toplanandygyny bellemelidiris. Hut şolaryň tutanýerli zähmeti netijesinde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bagtyýarlyk şäherçesi häzirki wagtda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň nyşanyna öwrüldi. Mundan ozal Altyn sähra etrabynyň Parahat şäherçesiniň hem durky doly täzelenipdi. Mary welaýatynda Altyn sähra etrabynyň täze gurluşyklary ýerli gurluşyk kärhanalary üçin hakyky mekdebe öwrüldi. Olar öz öňlerinde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen geldiler. Ine, indi bolsa olaryň güýji bilen Bagtyýarlyk şäherçesi täzeden guruldy. Bu ýerde gurluşyk işleriniň ählisi ýokary hilli ýerine ýetirildi.
Bagtyýarlyk diýlip atlandyrylýan şäherçe indi hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesi hökmünde ýurdumyzyň täzelenmeginiň köp sanly nyşanlarynyň birine öwrüldi. Şol syýasat bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň bu durmuş ugurly syýasaty netijesinde täze – bagtyýar durmuş ýurdumyzyň iň alysdaky ilatly ýerlerine, hususan-da, Bagtyýarlyk şäherçesine baryp ýetdi.
Bu ýerde ýollar şäherçäni ösdürmek we özgertmek boýunça baş meýilnama görä çekildi, bu meýilnama taslamany düzen hünärmenler tarapyndan şäher gurluşygyna degişli iş boýunça häzirki döwürde bildirilýän talaplar göz öňünde tutulyp taýýarlandy. Täze ilatly nokatda köçeleriň Arkadag, Döwletli, Altyn asyr, Şagadam ýaly atlary hem häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýär. Şähere mahsus görnüşde meýilleşdirilen we çekilen ýollar Bagtyýarlygyň täze, döwrebap keşbiniň bezegini artdyrýar. Bu ýerde ähli zatlar diýen ýaly – göni köçeler, olaryň yşyklandyrylyşy, binalaryň öň taraplarynyň bezegi şäherçäniň görküne görk goşýar. Demir ýol menzili şäherçeden sähel daşrakda ýerleşýär, ol ulag ulgamyna degişli gurluşykçylar tarapyndan täzeden guruldy. Şäherçeden gaýdýan täze giň we asfaltlanan ýol demir ýol geçelgesiniň üsti bilen bu menzile barýar.
Bu gün Bagtyýarlygyň bagtly durmuşa guwanwan bagtyýar ýaşaýjylary baýramçylyk gününde ulanmaga berilýän ähli binalary bannerler, dürli reňkdäki zolaklar we lentalar, şarlar bilen bezäp, myhmanlary ruhubelent ýagdaýda garşy aldylar. Bu dabarada şäherçäniň ýaşaýjylary köp sanly myhmanlary, şeýle hem şäherçede gurluşyk-gurnama işleriniň hem-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleriň toplumyny ýerine ýetiren işgärleriň wekilleri mähirli ýagdaýda we uly hormat goýmak bilen garşyladylar.
Baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen ak öýleriň onlarçasy şäherçäniň merkezi derwezesiniň öňündäki giňişlikde ýerleşdirildi. Hut şu ýerde esasy dabaralar geçirildi. Şol dabaralar Türkmenistanyň Prezidlentiniň Mary weldaýatynyň Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara Gutlagyny okamak bilen başlandy.
Bu Gutlagda mähriban Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda alysda ýerleşýän ilatly ýerlerde şeýle döwrebap täze obalaryň, şäherçeleriň, ekerançylyk ýerleriniň, bag-bakjaly lälezarlyklaryň, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän binalaryň we desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, kuwwatly kärhanalaryň döremegi bagtyýar zamanamyzda adaty ýagdaýa öwrüldi diýlip bellenilýär. Amala aşyrylýan bu işler kabul eden döwlet maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilmegine uly goşant goşýan merdana halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň ajaýyp miweleridir. Şeýle hem milli Liderimiz nesip bolsa, ýokary depginler bilen ösýän ýurdumyzda Bagtyýarlyk şäherçesi ýaly türkmen durmuşynyň şu günki ajäaýyp keşbini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarydygyny alamatlandyrýan şäherçeleriň we obalaryň sany geljek-de has hem köpeler, Baştyýarlyk şäherçesi öz ýaşaýjylarynyň bolçulyga, ösüşe, özgertmelere beslenen abadan durmuşyny alamatlandyryp, eşretli zaimanamyzyň altyn şäherçesine öwrüler diýip belledi.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny şowhunly el çarpmak we ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Soňra dabaraly çäreler şäherçäniň köçelerinde guraldy. Şäherçäniň her bir binasy, ýagny mekdep, çagalar bagy, Medeniýet köşgi ýa-da aragatnaşyk kärhanasy binagärlik keşbi we taslamany düzüjileriň oý-pikiriniň, şeýle hem gurluşykçylar toparynyň ulanan özboluşly usuly bilen tapawutlanýar. Şäherçede inženerçilik we aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça uly möçberli işler geçirildi. Şäherçäniň täze binalarynyň ählisi gysga möhletde – bir ýarym ýyldan sähel gowrak wagtda gurlandygy bilen haýran galdyrýar.
Dabaralara gatnaşyjylar geňeşligiň dolandyryş binasyny, 200 orunlyk Medeniýet köşgüni, halyçylyk bölümini synladylar, bu bölümde gurnalan esbaplarda işler eýýäm gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar. Soňra myhmanlar 400 orunlyk mekdebiň ajaýyp binasyna baryp gördüler. Bu ýerde otaglary ýerleşdirmek, şeýle hem olary döwrebap multmediýa enjamlary bilen üpjün etmek arkaly, okuwçylar üçin ähli şertler döredildi. Soňra şäherçängiň Saglyk merkezi, 160 orunlyk çagalar bagynyň täze ajaýyp binasy açyldy.Şäherçäniň günbatar böleginde özboluşly 3 gatly myhmanhana ýerleşýär.
Bagtyýarlygyň ýaşaýjylarynyň esasan, etrapdaky iri maldarçylyk hojalyklarynyň biriniň maldarlary bolup durýandygy göz öňünde tutulyp, bu ýerde bejeriji içgileriň biri diýlip hasaplanýan düýe çalyny öndürmek boýunça kärhana, şeýle hem derini işläp taýýarlamak we gaýtadan işlemek boýunça täze desgalar guruldy.
Dabaralara gatnaşyjylar ruhubelent ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize mähriban halkymyz barada ýadawsyz alada edýändigi, döwrebap durmuş-ykdysady desgalaryň düzüminiň döredilmegine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ilatynyň, aýratyn-da, oba ýerlerindäki ýaşaýjylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň durmuşy we ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Şäherçäniň ýşaýjylarynyň durmuşyndaky bu ajaýyp waka hem-de ýetip gelýän şanly baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli şäherçede welaýatyň şäherlerinden we etraplaryndan gelen sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Çeper höwesjeňleriň we ussat artistleriň, çagalaryň döredijilik toparlarynyň bu günki joşgunly çykyşlary berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynamly gadam urýan ata Watanymyza, türkmen halkyna söýginiň joşgunly senasyna öwrüldi.