Ýurdumyzyň baş baýramynyň—Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda şu gün Abadan şäherinde ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 4 gatly 32 öýli jaýlaryň üçüsinden ybarat ýaşaýyş toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde guruldy.
Häzirki zaman jaýlaryny bina etmek “Baktriýa”, “Bozýap” we “Goňurbaş” hususy gurluşyk kärhanalarynyň hünärmenlerine ynanyldy. Olar gurluşyga şu ýylyň aprelinde başlap, her haýsysy bir jaýdan gurdy we işleriň tutuş toplumyny – gurnama işlerinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli ýerine ýetirdiler. Aýratyn tapawutlanan işgärlere – gurluşykçylara we inženerlere şu günki dabaranyň barşynda gymmatly sowgatlar gowşuryldy.
Abadanda gurlan täze jaýlara göçüp baranlar öz ýaşaýyş şertlerini döwletimiziň 30 ýyl möhlet bilen berýän ýeňillikli karzlary esasynda gowulandyrdylar. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan hem-de türkmenistanlylaryň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş maksatly ýaşaýyş jaý maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Welaýat we şäher häkimlikleriniň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, Abadan şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň gatnaşan dabarasyna joşgunly aýdymlary, tanslary ýerine ýetiren döredijilik toparlarynyň çykyşlary öwüşgin çaýdy.
Açylyş dabarasy mynasybetli bezelen täze jaýlar uzaklardan seleňläp görünýär. Gurluşykçylar jaýlaryň öň tarapyny dürli reňkler bilen bezediler. Boýy 3 metre ýetýän giň otaglaryň içerki bezelişi hem häzirki zaman ýokary hilli we ekologik taýdan arassa gurluşyk materiallaryny ulanmak bilen ýerine ýetirildi. Öýler häzirki zaman aşhana we santehniki enjamlar bilen üpjün edilip, pollar laminirlenen örtük bilen düşeldi. Jaýlara merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary çekildi. Bökdençsiz elektrik üpjünçiligi üçin özbaşdak generator oturdyldy. Jaýlaryň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, dürli agaçlaryň köpsanly nahallary we bezeg ösümlikleri ekildi.
Jaýlaryň ýanaşyk ýerlerinde gurlan çagalar meýdançasy hiňňillikler we depejikler bilen çagalary begendirdi. Onuň golaýynda woleýbol we basketbol oýnamak üçin enjamlaşdyrylan sport meýdançalary guruldy. Jaýlaryň ýanynda awtoduralga we jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin üsti ýapyk bassyrmalar göz öňünde tutuldy.
Şu günki dabara gatnaşyjylar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze desgalaryň, senagat, şeýle hem durmuş maksatly binalaryň, şol sanda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilýändigini belläp, milli Liderimize halkyň abadançylygy we rowaçlygy hakynda edýän ägirt uly aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.