Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Magdanly şäherinde täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Iki gatly bu bina häzirki zaman talalapryna laýyklykda gurlup, ol Amyderýaynyň sag kenaryndaky juwan şäheriň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy.
Çagalar şäherjigi baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Bu ýerde ruhubelentlik höküm sürýär. Çagalaryň goşgy okaýan sesleri, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazlary belentden ýaňlanýar. Bu ýere baýramçylyk dabarasyna gatnaşmak üçin ýerli ilat bilen bir hatarda köp sanly myhmanlar, welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar ýygnandylar. Dabarada çykyş edenler türkmen topragynyň ähli künjeklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly we öňden görüjilikli syýasaty netijesinde durmuşa geçirilýän, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelere buýsanýandyklaryny bellediler. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelerde ösüp barýan ýaş nesiller hakynda edilýän köptaraplaýyn alada aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ýüzlerçe döwrebap çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler we sport toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Bu bolsa döwlet tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň abadançylygynyň we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ägirt uly işleri alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Täze desgada körpe nesilleriň sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Çagalar bagy 110 çaga niýetlenendir. Bu ýerde körpeleriň doly derejede dynç almaklary, wagtlaryny hoş geçirmekleri we özleriniň döredijilik ukyplaryny we zehinlerini artdyrmaklary üçin zerur şertler üpjün edilipdir. Giň hem-de ýagty ýatylýan otaglardan başga-da, bu ýede dürl ugurlar, sport oýunlary bilen meşgullanmak üçin zallar we naharhana bar. Owadan hem-de ykjam çagalar mebelleri, köp sanly oýnawaçlar körpeleriň ygtyýarynda. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň bilim endikleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berler. Göwnejaý abadanlaşdyrylan okuw otaglary, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen kompýuter we lingafon otaglary, körpeleriň döredijilik hem-de bedenterbiýe ukyplaryny ösdürmekligi üçin aýdym-saz hem-de sport zallary, ýüzüş howuzy hereket edýär. Täze çagalar bagy üçin ýyladyş we sowadyş, elektro üpjünçiligi boýunça özbaşdak ulgam gurlupdyr.
Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, gök zolaklar döredilipdir we yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem bu ýerde ýörite telärli, hiňňildikli we ertekileriň gahrymanlarynyň şekili janlandyrylan oýun meýdançalary bar.
Lebap welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda gurlan döwrebap desgany “Altyn bürgüt” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Dabarada has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgtalar gowşuryldy.