Ï Täze oba gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze oba gurulýar

view-icon 554
Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk geňeşliginde Garagum derýasynyň demirgazyk tarapynda umumy meýdany 400 gektar bolan täze obanyň gurluşygy alnyp barylýar. Şu günler bu ýerde ulag we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna badalga berildi.

„Türkmendöwlettasalama“ Döwlet taslamaylmy-önümçilik birleşiginiň işläp taýýarlan maksatnamasy boýunça ähli amatlyklary bolan dokuz görnüşde 2054 sany ýaşaýyş kottejlerini gurmak göz öňünde tutulýar. Eýýäm kottejleriň 200-siniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Oba durmuşynyň ähli aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, her bir öý üçin telärli, mal we guş saklamak üçin ýataklar, ammar we maşyn goýulýan ýerli 0,1 gektar mellek ýerini bermek maksat edinilýär. Bu obanyň gurluşygyny „Arkaçgurluşyk“ we „Ahalgurluşyk“ önümçilik birleşikleri alyp barýarlar.

Obanyň gurluşygynyň meýilnamasynda durmuş-medeni maksatly desgalaryň 22-ni gurmak göz öňünde tutulýar. Olaryň arasynda geňeşligiň, aragatnaşyk bölüminiň, metjidiň, umumy bilim berýän mekdepleriň üçüsiniň (her biri 800 orunlyk), çagalar baglarynyň bäşisiniň (her biri 240 orunlyk), Saglyk öýüniň, toý-baýramlar dabaralarynyň merkeziniň, senagat we azyk harytlary dükanlarynyň altysynyň binalary bar.

Täze obanyň çäklerinde gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny alyp barmak ýurduň gurluşykçylaryna – husuy bölegiň wekillerine hem ynanyldy. „Ýaşyl tug“ hususy kärhanasy umumy bilim berýän mekdebiň binasynyň, „Oraz serdar“ hususy kärhanasy çagalar bagynyň binasynyň gurluşygyny alyp batýar. Obanyň çäklerinde „Tumar“ hususy kärhanasy, „Turan gurluşyk“ we „Mermer gala“ ýaly hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalar tarapyndan 200 orunlyk medeniýet öýüniň, bedenterbiýe-sagaldyş öýüniň we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň binalarynyň gurluşygy dowam etdirilýär.

Obanyň gurluşygynyň birinji nobatdakysyny 2013-nji ýylyň başynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Gurluşykçylar 2014-nji ýylyň ortalarynda işleriň 50 göterimini tamamlamagy maksat edinýärler. 2016-njy ýylda taslama dolulygyna tamamlanar. Bu iri göwrümli taslamanyň yz ýany bilen beýleki welaýatlarda hem şular ýaly täze obalaryň gurluşygyna başlanyldy. Ýurtda täze obalaryň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň sebitleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini üýtgedip gurmak boýunça Milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde ýaýbaňlandyryldy.