Türkmenistanda Dünýä türkmenleriniň XV maslahaty boldy
Şu gün, beýik baýramçylygyň—Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda milletimiziň ruhy-taryhy gymmatlyklarynyň ulgamynda hakykatdan hem aýratyn orny eýeleýän şanly waka boldy. Bu waka Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda çagyrylan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky XV maslahaty boldy.
Maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan, şol sanda Germaniýadan, Awstriýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Pakistandan, şeýle hem GDA ýurtlaryndan biziň arkadaşlarymyz Türkmenistana geldiler.
Dünýä türkmenleriniň maslahatynyň Watanymyzyň ykbaly, nirede ýaşasalar-da, ykbal nirä düşürse-de, ähli türkmenleriň ykbaly üçin aýratyn ähmiýeti bolan günlerde geçýändigi tötänleýin däldir. Milleti jebisleşdirmek, düenýä türkmenleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmek özbaşdak türkmen döwletiniň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Ir bilen “Arzuw” kaşaň myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Bütintürkmen maslahatynyň dabaraly açylyşy boldy, oňa hökümet agzalary, ylym we medeniýet işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň toparlaýyn agzalary bolup durýan jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň , paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet Senasynyň belent owazy dabaraly maslahatyň açylyşyny mälim etdi.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns we ägirt uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylary mähirli we tüýs ýürekden gutlap, hemmeleri Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygy we däp boýunça bu şanly waka bagyşlanylan maslahatyň işe başlamagy bilen gutlady. Milli Liderimiz “Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan ildeşlerimiz bilen medeni gatnaşyklary, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýä türkmenlerini bir surpanyň başynda jemlemek hem-de halkymyzyň at-abraýyny has-da ýokary götermek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir” diýip belläp, “Her bir türkmen üçin Watan şirin jandan ezizdir. Beýik Watanymyzyň berkararlygy, keremli topragymyzyň mähribanlygy biziň hemmämiz üçin iň mukaddes gymmatlykdyr. Eziz Watanyňa, mähriban halkyňa guwanyp, buýsanyp, eşretli durmuşda ýaşamak, päk we halal zähmet çekmek ynsan ömrüniň manysydyr” diýip nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Maslahatyň işiniň barşynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan, türkmen halkynyň abadançylygyny we onuň dünýä derejesinde abraýyny artdyrjak iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler baradaky çykyşlar edildi. Kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň belleýşi ýaly, olar mähriban Türkmenistana gelip görmek, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatynyň işine, beýleki möhüm çärelere gatnaşmak bilen taryhy watanlarynyň ruhuny çuňňur duýmaga, onuň şu günki gününiň belentligine we kuwwatyna göz ýetirmäge özboluşly mümkinçilik alýarlar. Olar häzirki zaman türkmen döwletiniň durmuşy, onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gadymy türkmen topragynyň özgerýän keşbi hakynda halkara jemgyýetçiligini habardar etmegi özleriniň hormatly borjy hasaplaýarlar.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň ähli oňyn başlangyçlary, ýöredýän parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan arkadaşlarymyzyň giňden goldawyna eýe bolýar, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat edýär.
Türkmenistana gelen daşary ýurtly arkadaşlarymyz ata-babalarynyň özleri üçin mähriban bolan topragyny tanalmaz ýaly üýtgeden özgertmeleri äşgär görüp we öz täsirleri hakynda pikir alyşdylar. Olara şu günler Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalaryň şaýatlary bolmak mümkinçiligi döredildi. Olar Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesine bagyşlanylan köp sanly dabaralara we çärelere gatnaşyp, häzirki wagtda taryhy Watanlarynda bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň kuwwatyny hem-de ruhuny duýmaga özboluşly mümkinçilik alýarlar.
Işläp gelýän ýyllary içinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi Türkmenistanyň çäklerinden daşarda giňden tanalýan abraýly halkara guramasyna öwrüldi. Dünýäniň 14 ýurdunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi işleýär. Onuň düzüminde toparlaýyn we hususy agzalaryň ýüzlerçesi bar, olar biziň Watanymyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak bilen Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine, onuň barha artýan halkara abraýyna buýsanýarlar hem-de ata-babalarynyň mekanynyň rowaçlanmagyna uly goşant goşýarlar. Kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri türkmen döwletiniň iň täze taryhy bilen baglanyşykly bolan milli baýramçylyklaryny hem-de şanly senelerini agzybirlik bilen belläp geçýärler. Olar dürli ýurtlaryň we halklaryň wekillerini türkmenleriň medeniýeti, urp-adatlary hem-de däp-dessurlary, häzirki döwürde ýurduň gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyryp, Bitarap Türkmenistan tarapyndan ýöredilýän parahatçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň ygtyýarly wekilleri bolup çykyş edýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işinde täze sahypany açdy. Soňky ýyllarda daşary ýurtly arkadaşlarymyz bilen geçirilýän işiň mazmuny hem-de ugurlary ep-esli baýlaşdy. Mysal üçin, diňe şu ýylyň özünde arkadaşlarymyzy jebisleşdirmäge, milletimizi ruhy taýdan birleşdirmäge, özboluşly türkmen däp-dessurlaryny we urp-adatlaryny gorap saklamaga, milli medeniýetimizi wagyz etmäge ýardam edýän çäreleriň ýüzden gowragy geçirildi. Olaryň hatarynda Sankt-Peterburgda geçirilen “Türkmenistan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara maslahat, Owganystanda türkmen bagşylarynyň bäsleşigi, halkara Zenanlar gününe, Nowruz baýramyna bagyşlanylan dabaraly çäreler we başgalar bar.
Foruma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we türkmen döwletiniň daşary syýasat abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýadawsyz işi üçin, milli Liderimiziň biziň arkadaşlarymyzy jebisleşdirmäge ýardam edýän daşary ýurtlardaky türkmen jemgyýetleriniň işine milli Liderimiziň ägirt uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdiler.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatynyň barşynda guramaçylyk meselesine hem seredildi. DTYB-niň mejlisiniň karary bilen M.H.Abalakow pensiýa çykmagy bilen baglylykda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wise-prezidentiniň wezipesinden boşadylyp, bu wezipä Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň iş dolandyryjysy G.Myradow saýlanyldy.
Maslahatyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
Daşary ýurtly arkadaşlarymyz üçin maslahaty guraýjylar tarapyndan taýýarlanan medeni çäreleriň giň maksatnamasy paýtagtymyzyň ýaşlary, jemgyýetçiligi bilen köp sanly duşuşyklary, konsertleri, sergilere, muzeýlere, täze senagat we medeni-durmuş desgalaryna baryp görmegi, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň ajaýyp ýerleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşmagy özünde jemleýär.
Elbetde, biziň daşary ýurtly arkadaşlarymyz ýurdumyzyň baş baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanylan ähli dabaraly çäreleriň hormatly myhmanlary bolarlar.