Ï Dynç alyş şäheriniň täze ajaýyp künjekleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dynç alyş şäheriniň täze ajaýyp künjekleri

view-icon 619
Türkmenbaşy şäherinde interaktiw suw çüwdürimleriniň kaskad toplumyny açmaga taýýarlyk görülýär. Häzir onuň gurluşyk meýdançasynda sazlaýyş-göýberiş we bag ekmek işleri alnyp barylýar.

Şagadam daglarynyň eteginde, şähere golaý - kenarýaka prospektiniň we Ruhýet Köşgüniň golaýynda ajaýyp desga guruldy. Köşükler meýdançasynyň gabadynda gurulan sazly-yşykly suw çüwdürimler toplumy onuň bilen birlikde bir umumy binagärlik toplumyny emele getirdi.

Ak mermer bilen örtülen iki sany portik görnüşindäki syn ediş meýdançasyna gyralary daş sütünleri we granitli waza-amforaly tumbalary oturdylan iki sany uly basgançak alyp barýar. Basgançagyň iki girasy boýunça suw çüwdüriminiň howzundan akýan suw aşaklygyna akýar. Ýokary galýan basgançak gezelenç meýdançaly, akýan suwuň üstünden geçirilen ajaýyp köprüli üç sany derejä bölünýär

Suw çüwdürimler toplumy çeperçilik taýdan bezegde gadymy parfiýa sungatyna we häzirki zaman bezegçilik nusgalaryna eýe bolupdyr.